Sepleriň elýeterliligi

Türkmen talyp gyzlary gyşda ‘pagtaly gyzyl don geýmeli’


Illýustrasiýa.

Illýustrasiýa.

Türkmenistanyň Aşgabatdaky oba-hojalyk uniwersitetiniň we Türkmenabadyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet mugallymçylyk institutynyň talyp gyzlaryndan, indi gyşyna gara penjegiň deregine pagta dykylyp tikilen gyzyl don, begres geýmek talap edilýär.

Ýatladyp geçsek, mundan ýedi ýyl çemesi ozal Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň tas ählisinde okaýan talyp gyzlara okuw formasynyň üstünden gyşyna diňe gara penjek, bahar-güýz pasyllarynda bolsa gyzyl reňkli ýuka dony geýmelidikleri barada ýörite görkezme berlipdi.

Türkmen talyp gyzlarynyň geýim-gejimlerine degişli bu soňky talabyň haçan güýje girendigi we munuň ýurtdaky ýokary okuw jaýlarynyň ählisine degişli bolup-bolmandygy barada Azatlyk Radiosyna türkmen resmilerinden maglumat almak başartmady.

Emma käbir talyplaryň aýtmagyna görä, ýokary okuw jaýynyň ýolbaşçylary munuň sebäbini köpçülikleýin çärelerde talyp gyzlary sowukdan goramak maksady bilen edilýän tagalla diýip düşündirýärler.

“Stipendiýamyzyň köpüsi egin-eşige gidýär”

Ýeri gelende ýatlasak, Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň talyplaryndan ýörite okuw formasy talap edilýär. Oglanlardan ak köýnek, gara kostýum-balak, gara penjek, gara köwüş, tahýa geýmek we gara galstuk dakmak talap edilse, gyzlaryň okuw formasy her okuw ýyly diýen ýaly çalşyrylýar.

Käbir talyp gyzlar bolsa, ýokary okuw jaýlarynyň talaplaryndan halys ýadandyklaryny aýdyp, özlerinden talap edilýän egin-eşikler üçin stipendiýalarynyň aglaba bölegini sarp etmeli bolýandyklaryny gürrüň berýärler.

“Çäreler üçin aýratyn egin-eşik geýmeli. Mysal üçin: sport formasy ýa-da gyzyl köýnek, gyzyl don, gara köwüş geýmeli. Çärelere gatnaşýan her bir toparyň öz formasy bolýar. Bir pombarh köýnek tikinseň, şu wagt azyndan 200 manat çykdajy edýäň. Täze don üçinem şonça çykdajy etdik” diýip, özüni Oba-hojalyk uniwersitetiniň üçünji kurs talyby diýip tanyşdyran Näzli (howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady üýtgedildi) aýdýar.

Näzliniň sözlerine görä, bu egin-eşikler ýa-da köýnekler üçin niýetlenen matalar okuw jaýynyň ýolbaşçylary tarapyndan ýörite buýrulýar we köplenç olaryň bahasy bazardakysyndan azyndan iki esse gymmat bolýar.

“Bizden talap edilýän formany özüň alsaň ýa-da tikdirseň arzan düşýär. Ýokary okuw jaýyndan aljak däl diýseň, onda bize “bazardan alan köýnegiňizi geýmäge rugsat ýok. Şu ýerde okajak bolsaň, biziň satýan matamyzy alarsyň” diýýärler. Okuwda azar bermesler bolýar diýip, matalary, egin-eşikleri adatdakysyndan iki esse gymmada satyn alýarys” diýip, Näzli gürrüň berýär.

Türkmenabadyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet mugallymçylyk institutynyň adynyň efirde agzalmazlygyny soran talybynyň aýtmagyna görä, studentler özlerine berilýän stipendiýalary aýyň soňuna çenli ýetirmekde kynçylyk çekýärler. Studentleriň her aýda alýan 640 manat stipendiýasynyň 100 manada golaýy Kärdeşler arkalaşygy, şäheri abadanlaşdyrmak, Gyzylýarym aý jemgyýeti üçin saklanylýar. Şeýle-de, olar ýurtda neşir edilýän gazet-žurnallarda-da mejbury abuna ýazylmaly bolýarlar. Onuň üçin studentleriň stipendiýalaryndan pul saklanylýar.

Talaplar we borçlar

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň ýokary okuw jaýynda okaýan talyplardan edilýän talaplaryň, borçlaryň sany barada anyk maglumat bolmasa-da, olaryň onlarçadygyny aýtsa bolar.

Mysal üçin, okuw jaýynda her bir student boýnundan öz adyny, haýsy fakultetdendigini görkezýän maglumatly tarketka dakynýar. Gyz ýa oglan bolsun tapawudy ýok, olaryň döşlerinde baýdajygyň şekilindäki nyşan bolmaly.

Oglan studentler okuwa sakgally gelmeli däl. Olaryň saçy hem gysga bolmaly. Student gyzlar ökjeli köwüş geýmeli däl. Olaryň saçlary goşa örüm hem uzyn bolmaly, onsoň hut şol sebäpli gyzlaryň käbiri öz saçyna ýasama örme saç dakynmaga mejbur bolýarlar.

Şeýle-de, student gyzlaryň gymmat bahaly altyn şaý-seplerini dakynmaklaryna, kosmetika ulanmaklaryna hem gözegçilik edilýär. Kosmetika minimal möçberde ulanylmaly. Uzyn dyrnak ýa-da goşaryňda alaja diýen ýaly zatlar hem bolmaly däl. Gyzlardan öz alyn saçlaryny göni açmak talap edilýändigi hem aýdylýar.

Galyberse-de, her bir talybyň elinde, okuw esbaplaryny götermek üçin niýetlenen gara portfel bolmaly.

Häzirki wagtda ýurduň ýokary okuw jaýlarynda okaýan studentleriň sany baradaky takyk resmi maglumaty tapmak başartmady. Ýöne Türkmenistanyň resmi metbugatynda şu ýyl, ýagny 2016-2017-nji okuw ýylynda ýurduň Ýokary okuw jaýlaryna 7 256 studentiň kabul ediljekdigi aýdylypdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG