Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzlylardan IPtv-ni çekmek talap edilýär


"Ýaşaýjylaryň tas ählisi diýen ýaly görjek zadyna satellit antenlary arkaly seredýär”
"Ýaşaýjylaryň tas ählisi diýen ýaly görjek zadyna satellit antenlary arkaly seredýär”

Daşogzuň býujet işgärleri adaty telefon liniýa arkaly ýaýradylýan IPtv hyzmatyny öýlerine çekmäge mejbur edilýärler.

“Mekdep ýolbaşçylarymyz ýörite ýygnak geçirip, 1-nji fewrala çenli IPtv-ni öýlerimize hökman geçirmelidigimizi aýtdylar. Kimde-kim boýun bolmasa, işden çykaryljagy bilen haýbat atdylar” diýip, Saparmyrat Nyýazow etrabynyň Şatlyk daýhan birleşigindäki 22-nji mekdebiniň özüni Gülnabat diýip tanyşdyran mugallymasy gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmesi bilen söhbetdeş bolan Gülnabat mugallyma talap edilýän hyzmaty çekdirmek üçin, iki aýlygyň möçberindäki puly harçlamaly boljakdygyny aýtdy. Regionda IPtv-ni bir hojalyga çekdirmek üçin, 600 manat çykarmaly, onuň üstesine-de 300 manada durýan goşmaça ýörite týuneri satyn almaly. Galyberse-de, saýlanan tarife görä her aýda 15-50 manat aralygynda dowamly töleg etmeli.

“Aýlyklarymyz onsuz hem ençeme aýlap gijikdirilýär. Ähli ýer gymmatçylyk. Indi bu talaplar bize artykmaç” diýip, Gülnabat mugallyma zeýrendi.

Bu aralykda, IPtv hyzmatyny çekdirmegi talap edilen regionyň beýleki ýaşaýjylary-da häzirki talabyň sebäpleriniň aýdyňlaşdyrylmaýandygyny aýdýarlar.

“Sebäbine biz hem düşünmeýäris. Ýaşaýjylaryň tas ählisi diýen ýaly görjek zadyna satellit antenlary arkaly seredýär” diýip, köneürgençli saglyk işgäri Aşyr aýtdy.

Azatlyk Radiosyna ýerli resmilerden häzirki talabyň sebäplerini anyklaşdyrmak synanyşyklary netije bermedi.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmeleri IPtv hyzmatynyň hilinde dowamly näsazlyklaryň ýüze çykýandygyna ünsi çekýärler: “[IPtv hyzmatynyň] 2-3 günläp işlemeýän halatlary-da bolýar. ‘Signal ýok’ ýa-da ‘kanal bloklanandyr’ diýen ýazgy bolsa günüň dowamynda eçneme gezek çykýar” diýip, Aşyr aýdýar.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, mundan iki ýyl ozal Aşgabatda köpçülikleýin ýagdaýda satellit antenalaryny aýyrmak kampaniýasy başladylanda-da, ýaşaýjylara alternatiwalaryň biri hökmünde – häzir daşoguzly býujet işgärlerinden talap edilýän IPtv hyzmaty hödürlenipdi.

Nähili-de bolsa, häzir ýurduň demirgazyk welaýatynda ýaşaýjylaryň satellit antennalary mejbury ýagdaýda aýyrmak işleri göze ilmeýär.

XS
SM
MD
LG