Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Musulmanlar hakda ýaman gep aýdylanda..." 


"Today, I Am A Muslim, Too", Nýu-Ýork şäheri, 6-njy mart 2011-nji ýyl
"Today, I Am A Muslim, Too", Nýu-Ýork şäheri, 6-njy mart 2011-nji ýyl

Dinleriň arasyndaky hoşmeýilliligi ündeýän reklamalar

Şeýle reklamalary ýaýradýan "Amazon" başda birnäçe dini gurama bilen maslahat geçiripdir.

Ak saçly haçparaz pastor ruhany bir musulman ymam bilen (sünni mezhebinde molla "ymam" diýilýär) dost bolupdyr. Olar bile gürrüň edip, gülüşip, çaýlaşýarlar. Ikisi-de dyz agyrydan derdinýär. Onsoň olar birek-biregine dyz ýassygy sowgat etmegi ýüregine düwýärler. Olaryň dyz ýassyklaryny "Amazon Prime" iberýär.

Dostlaryň biri öz täze sowgadyny buthanada, beýlekisi bolsa metjitde dyzyna dakyp ulanýar.

Amazon Prime, kiçijik ýük daşaýan dron
Amazon Prime, kiçijik ýük daşaýan dron

"Amazon" birnäçe dini gurama bilen maslahatlaşypdyr

"Amazon" tarapyndan taýýarlanan dinleriň arasyndaky hoşmeýillilik reklamasyny baýram günlerinde millionlarça adam internetde paýlaşdylar. Ol reklamany ýaýratmazdan owal "Amazon" birnäçe dini gurama bilen maslahat geçiripdir.

"Şeýle reklamalara biz ilkinji gezek duş gelýäris. Olar munuň käbir adamlarda gahar-gazap döredip, olaryň haýbatly hat ýazmagyna sebäp boljagyna düşünýärler. Ýöne reklamanyň manysy örän möhüm ähmiýete eýe bolansoň, ony durmuşa geçirmek isleýärler" diýip, "Amazon" firmasynyň hyzmatdaşlyk edýän guramalarynyň biri bolan Demirgazyk Amerikanyň yslam jemgyýetiniň sosial adalat baradaky aragatnaşyk müdiri Rameez Abid nygtaýar.

Geçen ýyl ABŞ-yň köpsanly firmasy we şol sanda Honeý Maid, Microsoft, Chevrolet, YouTube we CoverGirl öz reklamalarynda gündelik durmuşda ýaşaýan musulman erkek adam, zenan we çaga obrazlaryna orun beripdir. Şeýle reklamalaryň maksady syýasy däldigine garamazdan, Donald Trampyň saýlaw kampaniýasy we antimusulman ritorikasy gün tertibinde möwjän mahaly, jemgyýete diýseň batyrgaý we hatda töwekgelçilikli täsir edip başlaýar.

Donald Tramp we gyzy Iwana Tramp
Donald Tramp we gyzy Iwana Tramp

"Hemişekilerden has wajyp mesele"

28 ýaşyndaky Amerikaly şahyra we aktiwist Mona Haýdar "Microsoft" firmasynyň reklamasyna "musulmanlara gaty hupbatly bolan bir ýylyň ortasynda umyt yşygy" boldy diýip baha berýär.

"Droga 5" atly reklama gullugynyň ýerine ýetiriji we kreatiw müdiri Kewin Bradynyň pikirine görä, Amerikada musulmanlar temasy köp adam üçin häzirlikçe diýseň täze bir mesele we 2016-njy ýylda firmalar bu ugurda diýseň batyrgaý çykyş edipdirler.

Geçen ýylyň ortasynda "YouTube Music" özüniň reklama kampaniýasynda bäş sany adamy suratlandyrdy. Olardan biri mekdebiň koridorynda ýöräp barýarka "Blackaicious" toparynyň aýdymyny hiňlenýän hijaply ýaş zenandy. Esasy marketing işgäri Danielle Tiedt "YouTube" reklamasynda aýratyn özboluşlylyga ünsi çekmegi maksat edinipdir. Onuň sözlerine görä, häzirki döwürde aýratyn özboluşlylygy nygtamak "hemişekilerden has wajypdyr".

Danielle Tiedt: "Aýratyn özboluşlylygy syýasy mesele diýip hasaplamaýaryn. Bu bütin adamzadyň ähliumumy meselesidir" diýip nygtaýar.

Olar bu ýere degişli dälmi?

Beýleki tarapdan, milletparazlygy ýaňzydýan reklamalar hem internetde gaty köp ýigrenç duýgusyny döredýär. "State Farm" kepillik firmasynyň reklamasynda garaýagyz bir adam akýagyz bir zenanyň özine durmuşa çykmagyny isleýär. Firma özüniň bu reklamasyny "Twitter" sosial ulgamyndaky sahypasynda paýlaşanda, gaty köp adam munuň bilen baglanşykly özüniň närazylygyny beýan edýär.

"Chevrolet" firmasynyň iýunda goýberen reklamasynda bolsa, Ruqaýa we Qassim atly ekizleriň firmanyň hemaýatkärligindäki futbol meýilnamasyna kabul edilişi suratlandyrylýar. Wideo surata düşürilende çagalar 8 ýaşynda ekeni. Şol bir wagtyň özünde wideoda olaryň haýsy dindendigi ýaňzydylmandyr. Muňa garamazdan, wideo barada ýazylan teswirleriň arasynda "olar bu ýere degişli däl" diýlen antimusulman bet pälli pikirler hem öňe sürlipdir.

Amerikadaky musulman zenanlar
Amerikadaky musulman zenanlar

"Gyzlarym indi özünde güýçli ynam duýýar"

Moghrabiniň aýtmagyna görä, onuň jemgyýeti bu reklama oňaýly garaýar. Ol: "Şeýle reklamalar ýaş nesliň we ylaýta-da musulmandygyny aýtmaga gorkýanlaryň göwnüni arşa göterýär. Gyzlarym indi özünde gaty güýçli ynam duýýar we men olaryň musulman dostlarynyň hem bizi bolşumyz ýaly kabul edip, söýýändigine ynanýaryn".

Bu reklamalara belli bir dünýägaraýşy bolan amerikalylar tomaşa edýär. Bu reklamalar, muşdaklary juda köp bolan meşhur syýasy-jemgyýetçilik gepleşikleriň arasynda goýberilýär.

Mona Haýdar gürrüňi gozgalan reklamalaryň ýetirjek täsirinden tamasy diýseň ýokary:

"10 ýyldan soň bu reklama haýsam bolsa bir çaganyň ýadynda galyp biler. Ol bu reklamada meniň obrazymda ýagşy adamy görýär. Ondan soň kimde-kim musulmanlar hakda ýaman gep aýdanda ol şeýle diýer "Men reklamada görüpdim. Ol ýagşy görünýärdi". Munyň döretjek ýaňyny häzirden çaklamak gaty kyndyr".

XS
SM
MD
LG