Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň kadrlar çalyşygy täze aeroportyň çökmegine gabat geldi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Geçen hepdäniň aýagynda Türkmenistanyň prezidenti birnäçe ministri wezipesinden boşatdy. Sebäp hökmünde olaryň döwrüň talaplaryna laýyk gelmeýändigi aýdyldy.

Bu wezipe çalşygy işden çetleşdirilen resmileriň ýolbaşçylyk eden pudaklarynda krizisiň emele gelen döwrüne gabat geldi.

Prezidentiň apparatynyň başlygy wezipesinden boşadylan hökümet baştutanynyň orunbasary Şamuhammet Durdylyýew bu wezipä 2016-njy ýylyň fewral aýynda bellenipdi we Aşgabatda iri proýektleriň gurluşyklarynyň güýçli tapgyryna gabat gelipdi.

Resmi maglumatda Durdylyýewiň 2013-nji ýyla çenli eýelän öňki wezipesine, ýagny Aşgabat şäheriniň häkimi wezipesine bellenendigi aýdylýar.

Şeýle-de, transport boýunça ministr Satlyk Satlykow wezipesinden boşadyldy we 2013-nji ýyla çenli eýelän wezipesine, ýagny Balkan welaýatynyň häkimi wezipesine gaýtadan bellendi.

Resmi maglumatlarda bu döwlet resmileriniň geçen ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň netijesinde işden boşadylandygy aýdylan hem bolsa, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri olaryň wezipelerinden mahrum edilmeginiň täze gurlan Aşgabadyň halkara aeroportynyň binasynyň çöküp başlamagy bilen bagly bolandygyny aýdýarlar.

Aeroportuň açylyş dabarasyndan üç aý geçensoň çöküp başlandygy barada Azatlyk Radiosy geçen hepdede habar beripdi.

Resmileriň işden boşadylmagynyň aeroportyň binasynda ýüze çykan kemçilikler bilen bagly bolmagyny Berdimuhamedowyň hut özüniň olaryň ýolbaşçylyk eden pudaklarynyň işinden ýaňy-ýakynda kanagatlanma bildirip, oňyn baha berendigi hem gytaklaýyn tassyklaýar.

Berdimuhamedow Türkmenistanda gurluşyk pudagynyň güýçli depginde ösýändigini aýdyp, sanlary getiripdi we binalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşypdy.

Ministrlikleriň birine golaý çeşmämiziň aýtmagyna görä, Durdylyýew we Satlykow geçen hepdede 10-njy ýanwarda prezident Berdimuhamedow bilen bilelikde Aziýa oýunlaryna niýetlenip Aşgabatda gurlan olimpiýa şäherçesine syýahat edipdi.

Aeroportyň binasynyň çöküp başandygy barada entek habarly bolmadyk Berdimuhamedow şonda Durdylyýewiň işinden kanagatlanma bildiripdir.

Emma birnäçe sagatdan soň prezidente aeroportdaky kemçilikler barada Azatlyk Radiosynyň maglumat bermegi bilen bir wagtda habar ýetipdir.

Çeşmämiziň habar bermegine görä, Berdimuhamedow aeroportdaky ýagdaýdan, şeýle-de maglumatyň habar beriş serişdelerinde peýda bolmagyndan gahar-gazaba münüpdir.

Hökümet baştutanynyň orunbasarlary, aýratynam Durdylyýew hökümetde täsirli resmileriň biridi. Ol ençeme milliardlyk proýektlere, şol sanda 2.2 milliard dollarlyk Aşgabadyň halkara aeroportynyň gurluşygyna gözegçilik edipdi.

Resmi maglumatlara görä, Durdylyýew 2014-nji ýylda hökümet baştutanynyň orunbasary wezipesine belleneli bäri Türkmenistanda 50 milliard dollar möçberinde maýa özleşdirilipdir.

Şeýle-de 13-nji ýanwarda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmengazyň başlygy Aşyrguly Begliýew wezipesinden boşadyldy. Prezident ony “şu günki günüň talaplaryna laýyk bolmazlykda aýyplady”.

Begliýewiň işden çetleşdirilip, onuň ýerine Maksat Babaýewiň bellenmegi gaz pudagyndaky krizise gabat geldi. Täze ýylyň öňüsyrasynda Türkmenistan Eýran bilen gaz dawasyna başlady we öz gazynyň iki sany hyrydarynyň biri bolan Tährany iki milliard dollar bergidar bolmakda aýyplady. Türkmen tarapy Eýranyň Aşgabada gyssagly sapar eden resmi topary bilen oňyn netije bermedik gepleşiklerinden soň öz goňşusyna gaz akdyrmagyny bes etdi.

Eýran tarapynyň Türkmenistan bilen indiki bäş ýyl üçin gaz söwdasyna degişli ylalaşyga gelnendigini 1-nji ýanwarda habar bermegine garamazdan, “Türkmengaz” dawanyň çözülmändigini aýtdy. “Türkmengaza” 2015-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýän Begliýewiň şeýle karary ýurduň iň ýokary ýolbaşçysynyň görkezmesi bolman, özbaşdak kabul edendigini göz öňüne getirmek kyn.

Emma Eýranyň dawada yza çekilmän, ýurduň demirgazyk regionlaryny gaz bilen üpjün etmekde başga mümkinçilikleri tapmak boýunça çäreleriniň türkmen ýolbaşçylaryna täsir ýetirene we problema günäkäriň tapylan bolmagyna meňzeýär.

Tähranyň Aşgabat bilen dawasyna barlyşyksyz çemeleşmeginiň netijesinde Aşgabat öz gazynyň ýeke-täk hyrydary Hytaý bilen galdy. Şu ýylyň başynda Hytaýyň Türkmenistandaky ilçisi öz ýurdunyň 2016-njy ýylda türkmen gazynyň importynyň 11% artandygyny habar berdi. Emma hytaý tarapy energiýa serişdeleriniň bahasynyň arzanlamagynyň netijesinde gaz üçin tölegleriň möçberiniň 29% aşaklandygyny hem mälim etdi. Belki-de, prezidentiň pikirine görä, bu ýagdaýyň Türkmenistanyň “şu günki talaplaryna” gabat gelmeýän bolmagy mümkin.

XS
SM
MD
LG