Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belgiýa Brýusseldäki goşa terror hüjüminiň pidalaryny ýatlady


Patyşa Filippe pidalaryň hormatyna gül çemenini goýýar.
Patyşa Filippe pidalaryň hormatyna gül çemenini goýýar.

Belgiýa Brýusseldäki goşa terror hüjüminiň, ýurduň taryhynda owal-ahyr bolan iň erbet hüjümleriň pidalaryny ilki bir pursat dymmak, soň galmagal bilen hatyralady.

Bir ýyl mundan öň bolan hüjümlerde 32 adam öldürilipdi.

Patyşa Filippe we patyşa aýal Matilde paýtagtyň Zawentem aeroportynda ýurduň premýer-ministri Çarlz Maýkla we hatyra gününe toplanan beýleki adamlaragoşuldy. Bu ýerde iki sany janyndan geçen bombaçy bir ýyl öň, mähelleli aýeroport zalynda özlerini partladyp, 16 adamy öldüripdi.

Ir sagat 7:58-de, ilkinji partlamanyň bolan ýerinde guralan dymyşlyk pursatyndan soň, olar otly bilen şäher merkezindäki Maýelbeýek metro stansiýasyna, janyndan geçen bombaçynyň şol gün, ir sagat 9:11-de otluda özüni partladyp, 16 adamy öldüren ýerine, ikinji partlamanyň bolan ýerine gitdiler.

Ikinji hatyra çäresine gatnaşyjylar terrora boýun egmeýändiklerini görkezip, bir minutlap gygyrdylar. Şäheriň transport häkimiýetleri bu çäräni «bir minutlyk galmagal» diýip atlandyrdy, oňa gatnaşyjylar bolan zatlaryunutmandyklaryny, emma terrora we ýigrenje garşy durmaklaryny dowam etdirýändiklerini aňlatmak üçin gagyryşdylar.

"2016-njy ýylyň 22-nji marty hemişe biziň ýadymyzda, ýüregimizde bolar... biz bu ýerde bir-bütewilikde durus" diýip, aýeroport resmileriniň biri partlamada ölenleriň atlaryny okap bolanyndan soň aýtdy.

Bu hüjümlerde 320-den gowrak adam ýaralandy, derňewçiler ol partlamalaryň «Yslam döwleti» toparynyňterrorçylary tarapyndan amala aşyrylandygyny, bu toparçagyň Parižde, 2015-nji ýylyň noýabrynda guralan hüjümleriňhem arkasynda bolandygyny aýdýarlar.
Pariž hüjümlerinde 130 adam öldürilipdi.

“Brýusselde bu hüjümlerden soň ägirt uly raýdaşlyk duýgusy boldy. Görýäňizmi muny. Siz muny şu gün irden hem gördüňiz, bu bütin ýurdy öz içine alýar. Bu örän güýçli» diýip,Jimmy Jamar, Ýewropa komissiýasynyň Belgiýadaky wekili aýtdy.

Belgiýanyň paýtagtynyň Ýewropa kwartalynda, Ýewropa Bileleşiginiň guramalarynyň köpüsiniň ýerleşen ýerinde bu hüjümleriň pidalarynyň hormatyna täze ýadygärlik açylar.

Brýusselde doglan hudožnik Jean-Henri Compèreniň 20 metr uzynlykdaky, 2 metr beýiklikdäki demir skulpturasy «Ýaralanan, emma pikir edip bolmajak elhençiligiň öňünde şindem duran» diýlip atlandyryldy we Fransiýada, Tunisde, Türkiýede, şeýle-de Brýusselde bolan soňky hüjümleriň pidalaryny hatyralaýar.

XS
SM
MD
LG