Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Okuwçylardan ýygy-ýygydan pul toplanmagy maşgalalara agram salýar'


Turkmenistan. weekly photos 4th(hepte)week. girls boys coming from school bus stop
Turkmenistan. weekly photos 4th(hepte)week. girls boys coming from school bus stop

Türkmenistanda mekdep okuwçylary syýasy-jemgyýetiçlik çärelerine, sport wakalaryna we beýleki köpçülikleýin dabaralara ýygy-ýygydan gatnaşdyrylýarlar.

Emma döwlet tarapyndan gurnalýan şeýle dabaralara köplenç mejbury ýagdaýda çagalaryň gatnaşdyrylmagy bilen bagly maliýe çykdajylary maşgalalaryň hasabyna üpjün edilýär.

Bu çykdajylaryň, mekdeplerde dürli maksatlar, şol sanada kompýuterler üçin ýyglanýan serişdeler bilen bilelikde maşgalalara uly agram salýandygyny ene-atalar gürrüň berýärler.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň ýaşaýjysy Kaka bilen söhbetdeş boldy.

'Okuwçylardan ýygy-ýygydan pul ýygnalmagy maşgalalara agram salýar'
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:01 0:00

XS
SM
MD
LG