Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkmenbaşynyň" ady ýene bir desgadan aýryldy


Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow.
Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow.

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň öňki lideri Saparmyrat Nyýazowyň adyny göterýän ýene bir desganyň adyny üýtgetmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugaty 3-nji noýabrda Berdimuhamedowyň paýtagtyň olimpia şäherçesinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylar bilen Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny göterýän olimpia stadionynyň täze binasynyň adyny üýtgetmek barada maslahat edendigini habar berdi.

Ýeri gelende ýatlatsak, öňki prezident Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny göterýän we 35 müň tomaşaça niýetlenen olmipia stadionyny söküp, onuň deregine 45 müň tomaşaçy sygýan täze stadiony gurmak işlerine 2013-nji ýylyň oktýabr aýynda başlanypdy.

Türkmen lideri hödürlenen teklipleri diňläp, bu topluma ‘Aşgabat olimpia şäherçesi’, stadiona bolsa ‘Aşgabat olimpia stadiony’ diýlip atlandyrylsa, maksada laýyk boljakdygyny aýtdy diýlip, resmi metbugatyň habarynda bellenýär.

Maglumatda munuň sebäpleri barada goşmaça maglumat berilmese-de, bu Berdimuhamedowyň döwlet başyna gelmegi bilen, öňki prezidentiň ady dakylan desgalaryň adyny üýtgetmek ýa-da olary başga ýere göçürmek bilen baglanyşykly geçirilýän ilkinji çäre däl.

Ady üýtgedilen desgalar

Mysal üçin, garaşsyzlyk ýyllarynda öňki Karl Marks adyndaky kitaphana Türkmenistanyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Milli kitaphanasy diýlip atlandyrylypdy. Mundan bäş ýyl gowrak wagt ozal şol kitaphananyň täze binasy gurlup, ondan Saparmyrat Türkmenbaşy ady aýrylyp, oňa ‘Türkmenistanyň Milli kitaphanasy’ diýen at dakylypdy. Öňki Karl Marks adyndaky kitaphana bolsa, Çagalar kitaphanasy dilip atlandyryldy.

Şeýle-de, mundan üç ýyl gowrak wagt ozal öňki Saparmyrat Türkmenbaşy seýilgähinde hem rekonstruksiýa işleri geçirilip, il içinde “On at” ýa-da “Kyrk aýak” ady bilen tanalýan bu toplumyň ady hem “Altyn asyr” seýilgähine üýtgedildi. Ondaky Nyýazowyň heýkeli hem seýilgähiň bir burçuna geçirildi.

Mundan başga-da, paýtagtda 1990-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda gurlan we Beýik Türkmenbaşy adyndaky halkara aeroporty diýlip atlandyrylan desga hem ýykyldy. Mundan üç ýyl çemesi ozal ýykylan bu aeroportuň deregine täzesi guruldy. Ol hem Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda ‘Aşgabadyň halkara aeroporty’ diýlip atlandyryldy.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Nyýazowyň ady dakylan etrapdyr daýhan birleşikleriniň we edara-kärhanalaryň atlary hem üýtgedildi. Olaryň arasynda paýtagtyň S.Nyýazow adyndaky etrabynyň Bagtyýarlyk diýlip atlandyrylmagyny mysal getirip bolar.

Bökdençlikler

Bu üýtgetmeleriň sebäpleri barada halk köpçüligine resmi taýdan hiç hili düşündiriş ýa-da maglumat berilmeýär. Emma il içindäki gürrüňlerden çen tutulsa, bu öňki prezidentiň şahsyýetiniň kölegesinden çykmak üçin, Berdimuhamedowyň edýän aladasyna meňzeýär.

Nyýazowyň ady dakylan etrapdyr daýhan birleşikleriň atlarynyň üýtgedilmegini göz öňünde tutmak bilen, käbir türkmenistanlylar muňa bir tarapdan oňaýly garaýandyklaryny, beýleki tarapdan bolsa bu ýagdaýyň özlerine käbir bökdençlikleri döredýändigini aýdýarlar.

“Ol atlaryň üýtgedilmegi gowy, sebäbi etraplara ýa-da desgalara ýurt baştutanynyň islegine görä at dakylmaly däl, olara ýurduň hakyky manyda abraý getiren şahsyýetleriň atlary dakylmaly. Ýöne täze atlara geçilende, esasy kynçylygy ýaşaýjylar çekýärler. Öň biziň pasportymyzda ýazga duran ýerimiz Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Nyýazow adyndaky daýhan birleşigi diýlip ýazylan bolsa, soň daýhan birleşiginiň adyny Uzynsuw diýip çalyşmaly bolduk. Ine, munuň üçin oba ilatam, arçynlygam ep-esli wagtyny sarp etmeli boldy. Bu beýleki resminamalar babatda-da şeýle bolýar” diýip, balkanly 40 ýaşlaryndaky Geldimyrat aýdýar.

Berdimuhamedowly desgalar köpelýär

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanda, esasan-da Aşgabatda öňki prezidentiň ýa-da onuň dogan-garyndaşlarynyň ady dakylan desgalaryň sany barha azalýan mahaly, prezident Berdimuhamedowyň ýa-da onuň dogan-garyndaşlarynyň adyny göterýän desgalaryň sanynyň gün-günden artyp barýany göze ilýär.

Olaryň arasynda 2015-nji ýylyň maý aýynda gurlan “Arkadag” binasy bolup, onda Berdimuhamedowyň 6 metr beýiklikdäki altyn çaýylan heýkeli ýerleşdirilen. Şeýle-de, 2012-nji ýylyň fewral aýynda Içeri işler ministrliginiň 1001-nji harby bölümine Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Mälikguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.

Ýene-de, şol ýylyň oktýabr aýynda Yzgant obasynda prezidentiň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň ady dakylan Medeniýet köşgi gurlup, onuň öňünde Mälikguly Berdimuhamedowyň ýadygärligi goýuldy.

2009-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda hem, Berdimuhamedowyň atasynyň doglan obasy Yzgantda atasynyň adyny göterýän – Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdep guruldy.

XS
SM
MD
LG