Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Parahatda köçeler ýene hatardan çykyp başlady


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Aşgabadyň Parahat etrapçalarynda mundan dört aý ozal abatlanyp, ulanyşa berlen köçeler hatardan çykyp başlady.

Häzirki wagt Parahat-1,2,3,4 etrapçalarynyň içinden geçýän köçeleriň käbir böleklerinde asfaltyň çökendigini, lagym guýularynyň geçýän ýerleriniň opurylandygyny we köçelerde ýagyş suwlarynyň üýşen ýerlerini görse bolýar diýip, bu sebitiň ýaşaýjylary aýdýarlar.

“Köçeler abatlanan wagtynda ýan ýaplaryň çekilmezligi hem-de köçeleriň gyrasyna 20-25 santimetr beýiklikdäki beton jähekleriň, beton bardýurlaryň aýlanmagy, köçeleriň ugrunda suw kölçeleriniň döremegine getirdi. Howul-hara amal edilendigi üçin, köçeleriň käbir ýerler çökmek bilen boldy. Bu ýerlerden, umuman, pyýadalara-da, awtoulaglylara-da geçmek mümkinçiligi ýok. Käbir ýerlerinde-de köçä ýygnanan suwlar akmaga özge bir ýer tapman, köçäň ugrunda çaýkanyp ýatyr. Bu pyýadalaryň aýakgabyndan ýokary derejedäki suwlar bolup, pyýadalar üçin uly kynçylyk döredýär” diýip, aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Mundanam başga, ol bu etrapçanyň käbir böleklerinde lagym guýularynyň opurylmagy netijesinde çöketlikleriň hem emel gelendigini we olaryň käbirleriniň indi azyndan üç gün bäri bejerilmeýändigini aýdýar. Hususan-da, Parahat-2/1 etrapçasynyň 21-nji jaýynyň 5-nji girelgesindäki lagym guýusynyň çökmegi netijesinde, ortaça 1 metr 40 santimetr çuňlukda emele gelen çöketlik indi ençeme gün bäri ýaşaýjylara uly kynçylyklary döredýär diýip, Bugaýew belleýär.

Parahat-7 etrapçasynda çöken asfalt ýol
Parahat-7 etrapçasynda çöken asfalt ýol

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, bu köçeler Aşgabatda şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek "Aziada -2017" halkara sport çäresine görülýän taýýarlyklaryň, ýagny şäheri abadanlaşdyrmak işleriniň çäginde, 2 ýyl çemesi dowam eden abatlaýyş işlerinden soň, geçen ýylyň dekabr aýynda ulanyşa berlipdi.

Şonda köçeler gazylyp, ondaky suw we lagym turbalary, elektrik geçiriji liniýalar çalşyryldy. Mundan dört aý çemesi öň bolsa, bu köçeleriň üsti ýeňil tehnikalar bilen düzlenip, olara asfalt düşeldi.

Aradan sanlyja aý geçip-geçmänkä köçeleriň hatardan çykyp başlamagynyň sebäpleri barada paýtagtyň ýerli häkimiýetleri tarapyndan ilat köpçüligine maglumat berilmeýär. Emma ýerli ýaşaýjylaryň we synçylaryň, şol sanda gurluşyk işçileriniň käbirleri munuň sebäplerini köçäniň talaba laýyk bejerilmeýändigi, olaryň “başdan sowma edilýändigi” we gurluşykda ulanylýan materiallaryň hiliniň pesdigi bilen düşündirýärler.

Galyberse-de, Türkmenistanda köçeleriň ulanyşa berlenden sanlyja aý ýa-da ýyl soň hatardan çykmagynyň indi kadaly bir ýagdaýa öwrülendigini aýdylýar.

Aşgabadyň Nurmuhammet Andalyp köçesiniň ugrundaky lagym guýularynda gaýtadan gazuw işleri geçirilýär.
Aşgabadyň Nurmuhammet Andalyp köçesiniň ugrundaky lagym guýularynda gaýtadan gazuw işleri geçirilýär.

Ýatladyp geçsek, ýakynda giňeldilen, abadanlaşdyrylan we täzeden asfalt düşelen Nurmuhammet Andalyp, Oguzhan we Atamyrat Nyýazow ýaly köçelerde hem şu aýyň başynda gaýtadan gazuw işleri geçirildi. Mundan bir ýyl çemesi öň ulanyşa berlen bu uly köçelerde gaýtadan gazuw işleriniň geçirilmegine köçäniň lagym turbalaryndaky näsazlyklar sebäp boldy.

Mundanam başga, Aşgabat bilen Balkan welaýatyny birikdirýän asfalt ýoluň mundan iki ýyl çemesi öň ulanyşa berlen böleginiň hem, eýýäm hatardan çykyp başlandygy, onda emele gelen jaýryklaryň, oýuklaryň we çukurlaryň ýolagçylara we awtoulag sürüjilerine oňaýsyzlyklary döredýändigi aýdylýar.

Şeýle-de, Balkanabat şäherinde hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp, 2016-njy ýylyň birinji ýarymynda abatlanan ýollar we köçeler çöküp başlady diýip, bu welaýata sapar eden ýerli synçylar gürrüň berdiler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri millionlarça amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesi harçlanyp abatlanan köçeleriň gysga wagtda hatardan çykmagy, şol köçeleriň gurluşyk işlerine amal eden firmalara görülýän çäreler ýa-da salynýan jerimeler, şeýle-de olara gaýtadan sarp edilýän maliýe serişdeleri barada ilat köpçüligine henize çenli hiç hili maglumat bermän gelýärler.

XS
SM
MD
LG