Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Gytçylyk gorkusy tekjeleri gowzadýar


Türkmenistanyň bazarlarynyň birinde azyk önümlerini satýan söwdagär.

Türkmenistanyň bazarlarynyň birinde azyk önümlerini satýan söwdagär.

Türkmenistanda dollara girizilen çäklendirmeler we bazarlarda harytlaryň bahalarynyň gymmatlamagy netijesinde ýurduň käbir ýaşaýjylary hojalyk üçin gerek bolan käbir zerur harytlary gereginden köp satyn alyp, ätiýaçlyk gory hökmünde dullaryna basyp başladylar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň berýän maglumatyna görä, bu ýagdaý indi iki hepdä golaý wagt bäri dowam edip, ilat, esasan, uzak wagtlap zaýalanmaýan we durmuşda gündelik zerur bolan çaý, şeker, tüwi, mäş, hojalyk ýagy, un ýaly azyk önümlerini uly möçberlerde satyn alýarlar.

Bu harytlary ätiýaçlyk üçin köp mukdarda satyn alýan ýaşaýjylaryň esasy bölegi ortaça girdejili maşgalalardyr. Olar bu zerur harytlary haltalap, alty aýa ýa-da bir ýyla ýetjek möçberde köpçülikleýin satyn alýarlar.

“Bazarda harytlaryň bahasy gün-günden gymmatlaýar. Ertir ýa-da iki aý soň näme boljagy belli däl. Harytlaryň mundanam köp gymmatlamagyndan gorkup, mümkin boldugyndan käbir harytlary haltalap satyn alyp, öýe basýarys” diýip, paýtagtly 50 ýaşlaryndaky Maksat aga aýdýar.

Öňünden aladamyzy edýäris”

Aşgabatda ýaşaýjylaryň käbir harytlary ätiýaçlyk üçin gereginden has köp satyn almagynyň ýurtda dollara girizilen çäklendirmelerden soň birnäçe aýyň dowamynda harytlaryň bahalarynyň 30-40% çemesi gymmatlan döwrüne gabat gelendigi aýdylýar.

“Biz Türkmenistanda garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda harytlaryň bahasynyň gymmatlamagyny we käbir önümleriň dükanlarda gytalandygyny gördük. Şonda gözümiz gorkupdy. Indem şeýle ýagdaýyň gaýtalanmagyndan çekinip, öňünden aladamyzy edýäris” diýip, 60 ýaşyna golaýlan Döwran aga gürruň berýär.

Harytlaryň ätiýaçlyk üçin köpden satyn alynmagy paýtagtyň dükanlarynda käbir harytlaryň tekjelerden ýitirim bolmagyna, käbirleriniň görnüşleriniň azalmagyna getirdi.

Bu günler paýtagtyň dükanlarynda çaýyň, Türkmenistanda öndürilen ýokary sortly unuň ähli görnüşiniň, şeýle-de şeker, tüwi ýaly önümleriň doly satylyp gutarylan halatlary hem seýrek bolmaýar.

“Günüň ahyryna tekjelerimiz boşaýar”

“Dükanymyzda harytlaryň doly satylyp gutarylýan halatlary meniň-ä ýadyma düşenok. Soňky wagt bolsa dükanyň ammaryndaky harytlary satuwa çykarsak-da, günüň ahyryna çenli tekjelerimiz boşap galýar” diýip, Aşgabadyň döwlet eýeçiligindäki dükanlarynyň biriniň söwdagäri gürrüň berýär.

Başda belleýşimiz ýaly, azyk harytlaryň bahalarynyň gymmatlamagynyň we ilatyň olary gereginden artyk satyn alyp, ýygnap goýmagynyň öňüsyrasy ýurtda amerikan dollarynyň satuwy resmi derejede togtadyldy.

Munuň yz ýany peýda bolan “gara bazarlarda” hem dollaryň bahasy telim esse galyp, ol 6-7 manada deň boldy. Şol sebäpli söwdagärler öz harytlarynyň nyrhyny artdyrmaly bolandyklaryny, käbirleri bolsa düýbünden söwdadan el çekmeli bolandyklaryny gürrüň beripdiler.

Türkmen resmi mediasynda harytlaryň bahalarynyň gitdigiçe gymmatlamagy bilen baglylykda ilata hiç hili maglumat berilmese-de, ýurtda, türkmen resmileriniň sözi bilen aýdylanda, uly ykdysady sepgitleriň gazanylýandygy barada dowamly maglumatlar we sanlar berilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG