Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB ukrainler we gürjüstanlylar üçin wizasyz syýahata ýol arçaýar


 Ukrain pasportlary
Ukrain pasportlary

Ýewropa Bileleşiginiň agza döwletleri we Ýewropa parlamenti ukrainalylara we gürjüstanlylara birleşige wizasyz girmek kararyny saklaýan çekişme-dawany soňlamak barada ylalaşyga geldi.

"Bu şertnama deňagramly, şol bir wagtda-da bileleşigiň wiza syýasatyny liberallaşdyrmak netijeliligi we ynamdarlygy üçin adatdan daşary möhüm» diýip, Ýewropa geňeşiniň prezidenti we Slowakiýanyň daşary işler ministri Robert Kalinagyň 8-nji dekabrdaky beýanatynda aýdylýar.

"Biziň bu ylalaşyga gelmegimiz zerur bolan talaplary ýerine ýetiren beýleki ýurtlar babatynda, wiza liberallaşdyrmak gepleşiklerini has ilerletjek gapylary açmaly" diýip, ÝB-niň gezekli prezidentligini ýerine ýetirýän ýurduňministri Kalinak aýtdy.

Ýewropa parlamentiniň agzasy Agustin Diaz de Mera bolsa, bu ylalaşygyň Ukraina bilen Gürjüstanyň wiza liberallaşydrmasy tekliplerine seredilmeginiň çaltlanmagyna ýardam etjekdigini aýtdy.

Ukrain prezidenti Petro Poroşenko feýsbukda galdyran ýazgysynda «Brýuýuselden çykan ruhlandyryjy täzelige» ýokary baha berdi.

Beýanatda aýdylmagyna görä, ÝB ýurtlary we kanun çykaryjylary, immigrasiýa we terrorçylyk gorkusy esasynda ähli wiza liberallaşdyrmalaryny togtamaga degişli düzgünleşdirmeleri berkitmek babatynda eglişikli ylalaşyga geldiler. Bu düzgünleşdirmeler indi birinji okaýyşda sese goýmak we Geňeşde kabul etmek üçin Ýewropa parlamentine tabşyrylmaly.

Gelnen ylalaşyk esasynda, ýerine ýetiriji Ýewropa komissiýasy ýa-da ÝB döwletleri ýurduň wizasyzlyk düzgünini çalasyn, dokuz aýlyk togtatmaga ukyply bolar.

ÝB bu togtatmany mundan hem aňryk, 18 hem uzaldyp biler, emma munuň üçin has çylşyrymly proseduralar gerek bolar.

Eger-de Ukraina we Gürjüstan ýaly ÝB agzasy bolmadyk ýurtlardan gelen raýatlar gürelse ýa olar bileleşigiň çäginde bikanun galsalar, ýa-da bu ýurtlaryň raýatlary howpsuzlyk wehimini salýar diýip hasaplansa, wiza düzgüni gaýtadan hem girizilip bilner.

Ýa-da bolmasa, esaslandyrylmadyk oturym arzalary köpelse, migrantlary yzyna dolamak babatynda hyzmatdaşlyk bolmasa hem wiza düzgüni dikeldilip bilner.

Ukraina we Gürjüstan günbatar bilen has ýakyndan integrirlenmäge çalyşýar, emma ÝB-niň özlerini ýakynlatmak çäreleriniň haýal-ýagallygyndan lapykeç bolýarlar.

Ozalky sowet ýurtlarynyň ikisi hem, Moskwanyň täsirini artdyrmak barada edýän tagallalaryndan başga, soňky ýyllarda Orsýetiň harby agressiýasy bilen-de ýüzbe-ýüz boldy.

XS
SM
MD
LG