Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan dollar konwertasiýasyny çäklendirýär


Türkmenistanyň Merkezi banky.

Türkmenistanyň Merkezi banky.

Türkmenistanyň banklarynda döwlete dahylsyz kärhanalaryň ofşor zonalardaky şertnamalary boýunça, türkmen manadyny daşary ýurt walýutasyna konwertasiýa etmek düzgüni doly ýatyryldy.

Bu barada Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň jogapkär resmisi Azatlyk Radiosyna ýörite maglumat berdi. Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýokary derejeli türkmen emeldary bu barada ýurduň Merkezi bankynyň adyndan 21-nji iýunda ýurduň ähli degişli banklaryna ýörite görkezmeli hatyň ýollanandygyny habar berdi.

Türkmen resmisi 1-nji iýuldan güýje giren bu täze düzgüniň “bahalaryň esassyz ýokarlanmagy” maksady bilen kabul edilendigini mälim etdi.

“Döwlete dahylsyz kärhanalaryň käbirleri ofşor zonalarda harytlary arzan bahasyna satyn alyp, şertnama baglaşýarlar. Şol harytlary-da ýurda getirip, [täze şertnama esasynda] gymmada satýarlar. Şeýle ýagdaýlar göz öňünde tutulyp, bu düzgün güýje girizildi” diýip, türkmen resmisi aýdyňlaşdyrdy.

Ofşor sebitleriň ýörite sanawy

Şeýle-de, türkmen emeldary Maliýe ministrligine degişli ýörite gözegçilik edarasy tarapyndan bu çäklendirmäniň degişli ofşor sebitleriniň ýörite sanawynyň hem düzülip, degişli banklara we olaryň şahamçalaryna ugradylandygyny sözüne goşdy.

Şol bir wagtyň özünde-de, Azatlyk Radiosynyň ýurduň Maliýe ministrligindäki çeşmesi bu düzgüniň “diňe döwlete dahylly bolmadyk kärhanalara degişlidigini, ýagny döwletiň eýeçiligindäki edaradyr kärhanalara degişli däldigini” hem aýtdy.

Türkmen resmisiniň Azatlyk Radiosyna gizlinlik şerti bilen beren bu maglumaty barada, ýurduň habar serişdelerinde häzirlikçe hiç hili maglumat berilmedi.

Mundan ozalky çäklendirmeler

Ýeri gelende bellesek, bu hususy kärhanalaryň manady dollara konwertasiýa etmek mümkinçiliklerine girizilen çäklendirmeleriň iň soňkusydyr. Mundan owal, ýurtda hereket edýän käbir döwlete dahylly däl, ýagny hususy firmalaryň we kärhanalaryň Türkmenistanyň banklarynda türkmen manadyny daşary ýurt walýutasyna konwertasiýa etmek meselesine-de çäklendirmeler girizilipdi.

Bu çäklendirmeleriň esasynda, “Senagatçylar we Telekeçiler birleşigine” agza firmalaryň ençemesine ýurduň banklaryndan türkmen manadyny daşary ýurt walýutasyna çalyşmak mümkinçiligi doly ýatyrylypdy.

Gürrüňi edilýän birleşige agza firmalaryň biriniň ýolbaşçysy ýurduň banklarynyň jogapkär resmileriniň ozaldan bar bolan konwertasiýa etmek ýeňilliginiň ýatyrylmagynyň sebäbi, bu çäräniň wagtlaýyndygy ýa däldigi barada anyk maglumat bermekden saklanýandyklaryny aýdypdy.

Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, 2015-nji ýylyň başyndan bäri türkmen manadynyň dollara görä hümmetsizlenmeginden soň, ýurtda dollary satmak we satyn almak mümkinçiliklerine dowamly çäklendirmeler girizilip gelinýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG