Sepleriň elýeterliligi

“Ýaşaýjylar kabel telewideniýä tomaşa edip bilmeýär”


Aşgabatda türkmen häkimiýetleri çanak antennalary söküp aýyrýarlar. 2015 ý.

Aşgabatda türkmen häkimiýetleri çanak antennalary söküp aýyrýarlar. 2015 ý.

Aşgabadyň Parahat-4 etrapçasyndaky käbir köpgatly jaýlaryň ýaşaýjylarynyň eýýäm bir hepdä golaý wagt bäri kabel telewideniýesine, şol sanda daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň telekanallaryna tomaşa edip bilmeýändigi habar berilýär.

Bu ýagdaýyň, häkimiýetleriň ozal köpgatly jaýlaryň daşky diwarlaryndan geçirlen kabel liniýalaryny aýryp, indi jaýlaryň girelgelerinden salmak barada berlen görkezme bilen baglanyşyklydygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosy bu barada jikme-jik maglumat almak üçin Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş boldy.

XS
SM
MD
LG