Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Çilimiň bahasy üç esse gymmatlady


Aşgabatdaky dükanlaryň biri.

Aşgabatdaky dükanlaryň biri.

Aşgabadyň hususy eýeçilikdäki dükanlarynda gizlin ýollar bilen satylýan temmäki önümleriniň bahasy öňküsinden üç esse gymmatlady. Bu gymmatlama, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki dükanlarynda temmäki önümleriniň ähli görnüşleriniň satuwdan aýrylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Mundan iki aý çemesi ozal Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki dükanlarynda bir guty çilimiň bahasy ortaça 10-11 manada duran bolsa, häzirki wagt ol hususy eýeçilikdäki dükanlarda gizlin ýollar arkaly 30-35 manada satylýar.

Mälim bolşy ýaly, 21-nji iýunda Türkmenistanda “Saglygy saklaýyş we Derman senagaty ministrliginiň işgärleriniň güni” bellenilip geçildi. Şondan iki gün soň, Aşgabatdaky, şol sanda welaýatlardaky döwlet dükanlarynda çilimiň görnüşleri barha azalyp, birnäçe gün soň olaryň satuwy doly ýatyryldy.

Ýatladyp geçsek, şu ýylyň mart aýynda kabul edilen karara laýyklykda, Türkmenistanda temmäki önümleriniň söwdasyny resmi ýagdaýda diňe döwletiň eýeçiligindäki dükanlar amala aşyryp bilýär. Muňa garamazdan, hususy eýeçilikdäki dükanlarda-da temmäki önümleriniň satuwy gizlin ýollar arkaly dowam edýär we soňky hepdelerde beýle hereket barha güýçlenýär.

Hususy dükanlara çilim nireden getirilýär?

Döwlete degişli bolmadyk hususy dükanlarda iki aý ozal 10 manatdan satylýan bir guty çilimiň bahasy iýul aýynyň ortalaryna iki esse gymmatlap, 20-25 manat bolan bolsa, şu günki gün ol 32 manada deň.

Aşgabadyň hususy eýeçilikdäki dükanlaryna çilimiň haýsy usullar bilen ýa-da nähili we kimler tarapyndan getirilýändigi barada Azatlyk radiosyna maglumat almak başartmady.

Emma bu ýagdaý we çilimiň söwdasyna garşy girizilen çäklendirmeler käbir çilimkeşleriň arasynda närazylyklaryň döremegine sebäp bolýar. Olaryň käbirleri indi çilim üçin edýän aýlyk çykdajylaryny üç esse köpeltmeli bolýandygyny aýdýarlar.

“Çilime garşy göreş döwlet derejesinde güýçlendirilýär. Indi iki aý bäri çilim resmi derejede satylmaýar. Biz bolsa, çilimi öňküsinden üç esse gymmada satyn almaly bolýarys. Döwlet çilimi ýok etjek diýýär. Ýöne ony ulanýanlara medisina kömegini berjek hiç hili şert döretmeýär. Bu sosial problema öwrüler” diýip, aşgabatly 35 ýaşlaryndaky Mergen aýdýar.

“Çilimiň satuwyny barha azaltmak göz öňünde tutulýar”

Çilimiň satuwdan aýrylmagynyň sebäpleri, bu çäklendirmäniň haçana çenli dowam etjekdigi ýa-da çilimiň gaýtadan satylyp-satylmajakdygy barada Türkmenistanyň resmi metbugatynda, halk köpçüligine hiç hili maglumat berilmeýär.

Türkmenistanda daşary ýurtlardan temmäki önümlerini getirmäge rugsat berlen Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň birnäçe jogapkär işgäriniň (Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli şahsyýeti mälim edilmeýär) aýtmagyna görä, “ýurtda temmäki önümleriniň mukdaryny azaltmak barada berlen ýörite görkezme bar. Şol sebäpli ýurtda çilimiň satuwyny barha azaltmak göz öňünde tutulýar”. Ýöne olaryň sözlerine görä, çilimiň gaýtadan haçan satylyp başlanjakdygy barada hiç hili maglumat ýok.

2011-nji ýylyň maýynda, Türkmenistan Bütindünýa saglyk guramasynyň “Temmäkä garşy göreşmegiň” çarçuwaly Konwensiýasyna goşulaly bäri, ýurtda temmäki önümleriniň sany göz-görtele azalyp, olaryň bahalary hem telim esse ýokarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG