Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Işçiler aýlyk haklaryny alyp bilmeýär”


Aşgabatda hususy kärhanalarda işlän ençeme işçi öz aýlyk haklaryny eýýäm birnäçe aý bäri alyp bilmeýändigini aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen habarlaşan “Ussat inžener”, “Syrly mukam”, “Ussat” we Diýar” hususy kärhanalarynyň 10-dan gowrak işçisiniň aýtmagyna görä, olara dürli ýerlerde çeken zähmetleri üçin umumy möçberi 75 müň türkmen manadyna barabar bolan aýlyk haklary berilmeýär.

Azatlyk Radiosy bu barada dolurak maglumat almak üçin aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:38 0:00

Azatlyk Radiosy “Ussat inžener”, “Syrly mukam”, “Ussat” we Diýar” hususy kärhanalary bilen habarlaşyp, bu barada maglumat almaga synanyşdy. Bularyň arasyndan bir hususy kärhananyň jogapkär resmisi işçilere aýlyk haklarynyň wagtynda berilmeýändigini tassyklady. Ýöne türkmen resmisi işçileriň aýlyk haklarynyň maý aýyna çenli berilendigini hem sözüniň üstüne goşdy.

XS
SM
MD
LG