Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pitnä garşy polisiýa Minskde planlaşdyrylan protestleriň öňüni aldy


Belarus, Minsk. Azatlyk gününden bir gün soň.
Belarus, Minsk. Azatlyk gününden bir gün soň.

Minsk şäherinde polisiýa güýçleri 26-njy marta, Belarusda bir gün öň bolan demonstrasiýalarda ýüzlerçe adam tussag edilip, urlup-ýenjilenden soň planlaşdyrylan protest aksiýalarynyň öňüni aldy.

Minsk şäheriniň Oktýabr skwerine proteste toplanan onlarça adam tussag edildi.

Polisiýa ofiserleri ýurduň beýleki şäherlerinde hem, prezident Aleksandr Lukaşenkonyň hökümetine garşy 26-njy marta planlaşdyrylan protestleriň öňünden gözleg-agtaryş işleri bilen meşgul boldular.

Oppozisiýa guramaçylary başda adamlary ýerli wagt bilen günortan 25-nji martdaky protestleriň basylyp ýatyrylmagyna garşy proteste çykmaga çagyrdylar, emma polisiýa we we transport awtobuslary adamlaryň 26-njy martda köpçülik bolup toplanmagyna ýol bermedi.

Belarusyň «Wesna» adam hukuklary toparynyň aktiwisti Tatýana RewýakoMinsk şäheriniň köçelerinde 25-nji martda prezident Aleksandr Lukaşenkoynyň hökümetine garşy geçirilen protestlerde, hasaplamalara görä, 700 adam tussag edildi diýdi.

Rewýako tussag edilenleriň köpüsiniň urlandygyny we medisina kömegine mätäçdigini aýtdy. Belarusyň Žurnalistler birleşigi ygtyýar berilmedik demonstrasiýa baradamaglumat taýýarlaýan 20 žurnalistiň hem tussag edilendigini aýtdy.

Tutulanlaryň köpüsi 26-njy mart güni irden boşadyldy, şol bir wagtda entek olaryň näçesiniň tussagda saklanylýandygy aýdyň däl diýip, «Wesna» aýtdy.

Homeldäki we Brestdäki belarus protestleri
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:46 0:00

Ýewropa Bileleşigi belarus häkimiýetleriniň protestçilere garşy gören ýowuz çärelerini ýazgardy we «golaýda tussag edilen asuda raýatlary» derhal azatlyga çykarmagy talap etdi.

ABŞ-nyň Belarusdaky ilçihanasy 26-njy martda häkimiýetleri demonstrasiýada tutulanlaryň ählisini boşatmaga çagyrdy.

AÝ/AR-nyň Belarus gullugynyň habarçysyz Aleksand Dinko 25-nji martdaky polisiýa zorlugyny «gazaply» diýip häsiýetlendirdi.

Dinko gartaşan raýatlaryň, käbiriniň ýarawsyz ýa 80 ýaşlarynda bolmagyna garamazdan, birnäçe polisiýa esgeri taoapyndan gabalyp, idenekledilip, polisiýanyň maşynyna mündürilendigini gürrüň berdi.

Ol polisiýanyň ýaş adamlary, aýallary we 18 ýaşdan kiçi ýetginjekleri hem, eger olar passiw, zorluksyz protest bildirip, aşak otursalar, rezin taýaklar bilen urandygyny aýtdy.

Eger bir polisiýa ofiseri bir adamy rezin dürre bilen urýan ýa aýaklary bilen depýän bolsa, azyndan bäş sany polisiýa ofiseri ol urulýan adamy tutup durýar diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de žurnalist özleriniň näme üçin tussag edilýändigini soran adamlaryň rezin dürre bilen ýenjilendigini gürrüň berdi.

Dinko bir 70 ýaşlaryndaky maýyp aýalyň awtobus duralgasynda, protestleriň geçirilýän ýeriniň golaýynda awtobusa garaşyp durandygyny görüpdir. Ol demonstrasiýa gatnaşmaýan eken. Emma polisiýa ol aýaly hem tutup, polisiýa maşynynyň içine dykýar we birsalymdan oňa medisina kömegini bermeli bolýarlar.

"Bu biziň Belarusda polisiýanyň demonstrantla ragarşy zorluk ulanyşyny ilkinji gezek görşümiz däl" diýip, Dinko aýtdy. "Emma polisiýa ofiserleriniň gartaşan raýatlara beýle gazaply daraýşyny görmek gözüňe gelýän zat däl. Görnüşinden, häkimiýetler, indi gaýdyp proteste çykmazlyklary üçin, adamlaryň gözlerini gorkuzmaga çalyşýarlar."

Adyny diňe Aleksandr diýip tanadan protestçi Azatlyk radiosyna polisiýanyň bu basyp ýatyrmasynyň has uly protestlere sebäp bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

BBC-niň habarçysy Serheý Kozlowski AP habar gullugyna polisiýanyň çem gelen adamy, garry ýa ýaş diýmängarbap tutandygyny aýtdy we özüne we ýanyndaky demonstrasiýaçylara örän gödek daraşylandygyny belledi.

«Amnesty International» guramasy beýanat çap edip, öz gözegçileriniň Minskde parahat protetçileriň tussag edilmegine şaýat bolandygyny, käbir halatlarda olara garşy aşa zöňtar polisiýa güýjüniň ulanylandygyny aýtdy.

Halkara günä geçiş guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa programmasynyň direktorynyň orunbasary Denis Kriwoşeýew «biz şu gün Minskiniň köçelerinde parahat demonstrasiýaçylaryň gazaply urluşyny, gartaşan aýalyň pitnä garşy polisiýa tarapyndan ýere ýykylyşyny gördük» diýdi.

700 çemesi demonstrant Minskiniň merkezindäki esasy köçeden ýöriş etmekçi boldy, emma olaryň öňi sowutly we dürreli polisiýa nökerleri tarapyndan beklendi.

Protestçiler polisiýa bilen gapma-garşylykda, tussag etmeler başlanmazyndan öň,“Utanyň!” we “Faşistler” diýip gygyrdylar.

XS
SM
MD
LG