Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aziýa oýunlarynyň tumary täzelendi


Aziýa oýunlarynyň tumarynyň täze görnüşi
Aziýa oýunlarynyň tumarynyň täze görnüşi

Türkmenistan Aziada-2017 halkara sport çäresiniň alabaý iti şekilindäki resmi tumaryna üýtgetmeler girizip, onuň täze görnüşini köpçülige hödürledi. Bu waka türkmen prezidentiniň tumaryň öňki şekilini tankyt etmeginden bir hepde gowrak wagt soň boldy.

Aşgabatda geçirilmeli Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň 26-njy martda bolan ýygnagynda hödürlenen tumaryň täze görnüşinde, alabaý itiniň türkmen donundaky we telpegindäki, şeýle-de sport eşigindäki şekilleri görkezildi.

“Şu günki geçirilen maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Aziadanyň maksatnamasyna girizilen sportuň görnüşleriniň ählisiniň alabaýyň hereketleriniň üsti bilen ýerine ýetiriş kadalaryny ara alyp maslahatlaşdylar we ony goldadylar. Şeýle-de, bu ugurda ýerine ýetirilen şekiller köpçülikleýin habar beriş serişdelerine we giň halk köpçüliginiň garamagyna hödürlendi” diýlip, türkmen mediasynyň habarynda aýdylýar.

Şu ýylyň ýanwar aýynyň başynda türkmen hökümeti ýurtda geçiriljek iň uly halkara sport çäresiniň resmi tumary hökmünde, ýaşyl reňke boýalan alabaý itiniň şekiliniň kesgitlenendigini yglan edipdi. Bu tumar türkmenleriň milli eşigindäki gulagy we guýrugy kesilen alabaý itini şekillendirýär.

Aziýa oýunlarynyň tumarynyň öňki görnüşi
Aziýa oýunlarynyň tumarynyň öňki görnüşi

Tumaryň täze görnüşinde, gulagy we guýrugy kesilen alabaý itiniň şekili saklanyp galsa-da, ol ýaşyldan ak reňke çalşyrylypdyr, kellesi öňküsinden kiçeldilip, boýy hem uzaldylypdyr. “Wepaly” atly alabaý itiniň gulagy bolsa adamyň gulagyna meňzedilipdir.

Özbegistanly hudožnik Abdulla Isgender tumardaky alabaý itiniň öňki we häzirki şekillerini deňeşdirip, olaryň birinjisiniň wizual estetika we tumarlyk stiline ýakyndygyny, ikinjisinde bolsa, birden köp simwolikanyň bardygyny aýdýar.

“Grafikanyň, wizual estetikanyň talabyna görä, tumarda bir simwol bolmaly. Ýöne munda ondan köp simwol bar. Meselem, tumardaky alabaý itiniň iki elinde-de baýdak bar, baýdagyň içinde-de simwol bar. Kellesinde telpek, egninde don, bilinde guşak bar. Guşagynda, ýakasynda simwollar bar. Itiň sypaty “Disnel Land” multfilmelerindäki gahrymanlara meňzäpdir” diýip, özbek hudožnigi aýtdy.

Prezidentiň tankydy

Ýatladyp geçsek, ilkibada türkmen lideri Aziada-2017 halkara sport çäresiniň tumaryny ýurduň dürli künjeklerinde “göze ilýän ýerlerde” ýerleşdirmek barada resmi tabşyryk berse-de, aradan birnäçe gün geçensoň, ol tumarda “milli ýörelgeleriň aýdyň beýan edilmeýändigini” aýdyp, onuň şekiline duýdansyz düýpli nägilelik bildirdi.

17-nji martda geçirilen hökümet maslahatynda türkmen lideri alabaý tumarlarynyň talaba laýyk taýýarlanmandygy üçin, Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory Ahatmyrat Nuwwaýewe berk käýinç hem beripdi.

Prezidentiň bu tankytlary Azatlyk Radiosynda haýwanlaryň hukuklaryny goraýjylaryň haýwanlaryň, şol sanda itleriň, hiç hili zerurlyk bolmazdan, bedenlerine şikesleriň salynmagynyň; soňy bilen-de muny mahabatlandyrmagyň alada dörediji ýagdaýdygyny aýtmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmenistan şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklaryň çäginde, milliardlarça amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesini harçlady. Aşgabatda bahasy 5 milliard amerikan dollaryna barabar olimpiýa şäherçesi we 2 milliard amerikan dollaryna barabar halkara aeroport guruldy.

XS
SM
MD
LG