Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Sürüjiler özlerine jerime salynany bir ýyl soň bilip galýar”


Aşgabatda ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri tarapyndan saklanan sürüji.
Aşgabatda ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri tarapyndan saklanan sürüji.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän radarlar, wideokameralar oturdylýar. Sürüjileriň aglabasy köçede ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň azalmagyny, awtomatik ulgamyň oturdylmagyny, umuman oňyn hereket diýip hasaplaýar.

Emma soňky aýlarda Aşgabatda käbir sürüjilere awtomat kameralar arkaly jerime salynýandygy, ýöne olaryň bu jerime barada tas bir ýyla golaý wagt soň bilip galýandygy habar berilýär. Bu wagt aralygynda bolsa, salynýan jerimeleriň mukdarynyň ortaça iki essä golaý artýandygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosy bu maglumatyň jikme-jikleri bilen gyzyklanyp, aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

“Sürüjiler özlerine jerime salynany tas bir ýyl soň bilip galýar”
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:50 0:00

XS
SM
MD
LG