Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Merkel türkmen prezidentine basyş etmeli


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda adamlaryň zor bilen ýitirim edilmeginiň soňuna ýetmegi we ýurtdaky beýleki adam hukuklary problemalaryny çözmegi üçin basyş etmeli diýlip, adam hukuklaryny gorap çykyş edýän guramanyň ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

“Human Rights Watch” guramasynyň 25-nji awgustda ýaýradan maglumatynda aýdylmagyna görä, Berdimuhamedow 29-njy awgustda Berlinde kansler Angela Merkel we beýleki ýokary derejeli resmiler bilen duşuşyp, iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary we beýleki meseleleri maslahat etmegi planlaşdyrýar.

Beýanatda Türkmenistanyň dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biridigi ýatladylyp, “hökümet başga pikirdäki adamlara çydamlylyk görkezmeýär, ähli media serişdelerini öz gözegçiliginde saklaýar we raýatlaryň daşary ýurda gitmegini öz islegine görä gadagan edýär” diýilýär.

“Dünýä lideri Merkel üçin Türkmenistanda öz hökümeti bilen düşünişip bilmeýän adamlaryň arkasyny almak üçin bu bir seýrek duş gelýän mümkinçilik. Merkel Türkmenistanda repressiýanyň soňuna ýetmegiň zerurdygy barada göni we netijeli gepleşikleri geçirmek üçin bu mümkinçiligi sypdyrmaly däldir” diýip, “Human Rights Watch” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktory Hugh Williamson aýdýar.

Saparmämmet Nepesgulyýew 2015-nji ýylyň 7-nji iýulynda Awaza şäherinde tussag edilip, awgust aýynda 3,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi
Saparmämmet Nepesgulyýew 2015-nji ýylyň 7-nji iýulynda Awaza şäherinde tussag edilip, awgust aýynda 3,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi

Şeýle-de beýanatda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanda tussag edilen ştatdan daşary habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň ykbalyna üns çekilip, onuň şübheli (ikuçly) aýyplamalar esasynda sud edilendigi we türme tussaglygyna höküm edilendigi aýdylýar.

“Türkmen hökümeti Azatlyk Radiosynyň başga-da üç sany habarçysyna öz işini taşlamagy üçin basyş etdi” diýlip, adam hukuklaryny gorap çykyş edýän topar aýdýar.

“Kansler Angela Merkel Berdimuhamedowa Nepesgulyýewiň azatlyga goýberilmegi üçin basyş etmeli. Ol ähli habarçylaryň edýän işi üçin, ýagny öz ýurdunda bolýan wakalar barada maglumat bermäge synanyşanlygy üçin tussag edildi” diýip, Williamson aýtdy.

Saparmämmet Nepesgulyýew 2015-nji ýylyň 7-nji iýulynda Awaza şäherinde tussag edilip, awgust aýynda 3,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Geçen ýylyň dekabr aýynda BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler boýunça işçi topary S.Nepesgulyýewiň işine syn edip, onuň tussag edilmeginiň “eden-etdilikli”, ýagny bikanun bolandygyny, sebäbi türkmen hökümetiniň ony bolmaly sud prosesi esasynda sud edip, ýyl kesendigini görkezip bilmändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG