Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: TOPH-yň taslama işlerine başlamak memorandumyna gol goýuldy


Owganystanyň “Afghan Gas Enterprise” we Germaniýanyň “ILF Company” kärhanalarynyň resmileri Özara düşünişme memorandumyna gol goýdular. 21-nji fewral, 2017 ý. Kabul, Owganystan
Owganystanyň “Afghan Gas Enterprise” we Germaniýanyň “ILF Company” kärhanalarynyň resmileri Özara düşünişme memorandumyna gol goýdular. 21-nji fewral, 2017 ý. Kabul, Owganystan

Owganystanyň paýtagty Kabulda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisiniň gurluşygy bilen ilteşikli taslama-barlag işlerine başlamak barada memorandum baglaşyldy.

21-nji fewralda Owganystanyň “Afghan Gas Enterprise” we Germaniýanyň “ILF Company” kärhanalarynyň resmileri Özara düşünişme memorandumyna gol goýdular. Owganystanyň prezidentiniň köşgünde geçirilen bu çärä käbir owgan ministrleri, şeýle-de TOPH proýektine gatnaşýan ýurtlaryň resmileri bilen bir hatarda prezident Aşraf Gani hem gatnaşdy.

Bu dabarada Owganystanyň nebit we şahtalar ministri Ghezal Habibýar çykyş edip, TOPH proýektiniň owgan territoriýasyndan geçýän böleginiň gurluşygynyň iki tapgyrda amala aşyryljakdygyny aýtdy diýip, “TOLO” neşiri habar berýär.

“Taslamanyň birinji tapgyry – onuň howpsuzlygyny, taslamasyny, ylalaşyklary baglaşmagy, sosial we ekologik barlaglary, minasyzlandyryşy, taslamanyň ugruny kesgitlemegi öz içine alýar. Bu tapgyr bir ýylda tamamlanar. Proýektiň praktiki taýdan ulanyşa berilmegi üçin bolsa başga-da üç ýyl gerek bolar” diýip, owgan ministri Ghezal Habibýar aýtdy.

Türkmenistan gaz kompressor stansiýasyny gurýar

Habibýar bu proýekt arkaly Owganystana her ýyl 400 million amerikan dollary möçberinde girdeji geljekdigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Uzynlygy 1800 kilometrden gowrak bolan TOPH gazgeçirijisi arkaly Türkmenistandan ýylda 33 milliard kubmetr tebigy gazy Owganystanyň Herat, Farah, Helmand we Nimroz welaýatlarynyň üsti bilen Pakistana, soňra-da Hindistana akdyrmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan, Mary welaýatyndaky Galkynyş (Günorta Ýolöten-Osman) gaz ýatagyndan başlanýan bu gazgeçirijiniň öz territoriýasyndan geçýän böleginiň gurluşygyna 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Garagum çölünde başlapdy. TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygynyň düýbüni tutmak boýunça geçirilen bu dabara gürrüňi edilýän ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary gatnaşypdy.

Bu aralykda, Türkmenistanyň döwlet mediasy “Türkmengaz” döwlet konserniň TOPH gazgeçirijisiniň türkmen böleginiň 70-nji kilometrinde gaz kompressor stansiýasyny gurmaga taýýarlyk görýändigini habar berdi.

“Desganyň ýerleşjek ýeri kesgitlendi. Ekspertler infrastrukturanyň– gazgeçirijiniň, elektrik geçirijileriň we beýleki desgalaryň taslama işlerini amala aşyrýarlar” diýlip, habarda aýdylýar.

Maliýe çykdajylary

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, şu aýyň başynda, Türkmenistanyň TOPH proýektiniň maliýe çykdajylary üçin, Yslam ösüş bankyndan 700 million dollar möçberinde pul almak üçin arza tabşyrandygy, onuň bir böleginiň proýektiň çäginde harytlaryň, işleriň we konsultasion hyzmatlaryň tölegi üçin sarp ediljekdigi barada habar berlipdi.

Mundan öň, resmi Aşgabat umumy bahasy 10 milliard dollarlyk TOPH proýektiniň çykdajylarynyň 85% töwereginiň Türkmenistan tarapyndan üpjün ediljekdigini we onuň 2019-njy ýylda ulanmaga beriljekdigini yglan edipdi.

Emma geçen aýyň ahyrynda bu gazgeçirijiniň ulanyşa berliş möhletiniň 1 ýyl, ýagny 2020-nji ýyla çenli yza çekdiriljegi habar berildi.

Pakistanyň mediasy ýurduň Gaz we Tebigy serişdeler ministrligine salgylanyp, türkmen tarapynyň 2016-njy ýylyň dekabrynda bu proýektiň ähli maliýe meselesini çözmegi boýun alandygyny, emma indi ylalaşyk möhletiniň 2017-nji ýylyň iýunyna süýşürilendigini we şu ýagdaýyň hem gijikmä sebäp bolandygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG