Sepleriň elýeterliligi

“Seýilgähleriň ýapylmagy dynç almak mümkinçiligini çäklendirýär”


Aşgabadyň "Altyn asyr" seýilgähi abatlaýyş işleri sebäpli ýapyklygyna galýar.

Aşgabadyň "Altyn asyr" seýilgähi abatlaýyş işleri sebäpli ýapyklygyna galýar.

Soňky ýyllarda Aşgabatda ençeme seýilgäh rekonstruksiýa işleri sebäpli ýapyldy ýa-da ýumruldy, şeýle-de ýüzlerçe agaç çapyldy. Bu seýilgähleriň käbirleriniň abatlaýyş işleri sebäpli ýapylanyna ençeme aý boldy.

Şol bir wagtyň özünde, türkmen mediasynda “seýilgäh toplumlarynyň häzirki zaman şäher gurluşygynyň möhüm şertidigi” habar berilýär.

Eýse, häzirki wagt aşgabatlylaryň dynç almagy üçin nähili mümkinçilikler bar?

Azatlyk Radiosy bu sorag bilen gyzyklanyp, aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

XS
SM
MD
LG