Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Ýene-de abat seýilgäh “bibatlanýar”


Şu günler Aşgabadyň “Atyn asyr” seýilgähinde rekonstruksiýa işleri geçirilýär. Seýilgähiň daş-töweregine demir haýat aýlanyp, onuň içinde gurluşyk işlerini alyp barýan agyr tehnikalar we gum depeleri peýda boldy.

Bu seýilgäh paýtagtyň Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda ýerleşip, ol Bitaraplyk şaýolundan Garaşsyzlyk şaýoluna çenli uzap gidýär. Seýilgähiň günorta tarapynda bolsa Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsi ýerleşýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, bu seýilgähiň daşyna haýat aýlanandygy sebäpli häzirki wagtda onuň içine girip bolmaýar. Ýöne awtobus ýaly beýik ulaglaryň içinden syn edeniňde, seýilgähde ozaldan bar bolan gülleriň we agaçlaryň ençemesiniň çapylandygyny görse bolýar.

Şeýle-de, seýilgähdäki basgançaklaryň we arkanyň daşyna örtülen mermer daşlary sökülip, 15 çemesi suw çüwdürimi hem ýumruldy. Häzirki wagtda agyr gurluşyk maşynlary sökülen şol suw çüwdürimleriniň ýerini sürüp, ol ýerde gurluşyk işlerini alyp barýarlar.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, “Altyn asyr” seýilgähi paýtagtda Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsi açylanda, ýagny 2006-njy ýylda gurlupdy. Şondan soň seýilgähde birnäçe gezek abatlaýyş işleri geçirildi. Olaryň iň soňkusy mundan 3 ýyl ozal bolupdy.

Şonda seýilgähde rekonstruksiýa işleri giň gerimde alnyp barlyp, onda täze agaç nahallary oturdyldy, yşyklandyryş çyralarynyň, oturgyçlaryň ençemesi täzelendi. Suw çüwdürimlerine serenjam berildi.

Gurluşygyna millionlarça dollar çykdajy edilen we ony sökmek üçin hem ýene ýüz müňläp dollar sarp edilendigi çaklanylýan bu seýilgähiň häzir näme üçin sökülip, gaýtadan gurulýandygy we onuň näme kemçiliginiň bardygy hakda resmi taýdan halka hiç hili maglumat berlenok.

Hatda häzirki wagtda bu obýektde nähili işleriň alnyp barylýandygy, gurluşygyň kim tarapyndan amala aşyrylýandygy, onuň gutarjak wagty barada maglumat ýazylan plakatlar hem ýerleşdirilmändir.

Soňky aýlarda Aşgabatda birnäçe ýyllykda abatlanan käbir seýilgähler sökülýär we olara goşmaça maliýe serişdesi goýberilip, gaýtadan oňarylýar. Şeýle gaýtadan abatlaýyş işleriniň ýene biri Nesiminiň ýadygärligi ýerleşen seýilgähde geçirilip, onda agaçlaryň ählisi bolmasa-da, onlarçasy çapyldy, suw çüwdürimi we yşyklandyryş çyralary sökülip aýryldy.

Nesiminiň ýadygärligi ýerleşýän seýilgäh hem, iň soňky gezek mundan 1 ýarym ýyl çemesi ozal oňarylypdy. Şonda seýilgähe täzeden serenjam berlip, onda täze yşyklandyryş çyralary, oturgyçlar goýlupdy.

Emma soňky gelip gowşan maglumatlara görä, iýun aýynyň başynda başlanan rekonstruksiýa işleri häzir durzulyp, seýilgähde gymyldy-hereket göze ilmeýär.

Aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew seýilgähdäki gurluşyk işleriniň durzulandygy sebäpli ondaky bar bolan agaçlaryň hem suwarylmaýandygyny we olaryň gurap barýandygyny aýdýar.

Onuň sözlerine görä, paýtagtyň Parahat 2/1 we Parahat 2/2 etrapçalarynyň käbir ýaşaýjylary abatlaýyş işleriniň durzulmagynyň we agaçlara ideg edilmezliginiň sebäbi bilen gyzyklanyp, degişli jogapkär resmilere ýüz tutupdyrlar. Emma olara häkimiýetlerden bu barada anyk maglumat almak başartmandyr.

“Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň degişli jogapkär işgärleri “şu mesele boýunça bize jaň etmäň. Nesiminiň ýadygärligi oturdylan seýilgähde abadanlaşdyrmak işini geçirmek üçin türk firmasy bilen şertnama baglaşyldy. Şol türk firmasy abatlaýyş işlerini doly tamamlandan soňra, ony Aşgabat şäher häkimligine, Köpetdag şäher häkimligine tabşyrmaly. Şoňa çenli biziň şol seýilgäh bilen hiç hili işimiz ýok” diýip jogap berýärler” diýip, aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG