Sepleriň elýeterliligi

YouTube-däki wideo täjik diplomatyny jynsy zorlukda aýyplaýar


Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň websaýtyndan alnan surat.

Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň websaýtyndan alnan surat.

YouTube saýtynda peýda bolan bir wideo ýazgyda, Täjigistanyň bir diplomatyna Türkmenistan tarapyndan “kämillik ýaşyna ýetmedik” diýilýän gyzy zorlamak boýunça bilkastlaýyn hereket edenlikde aýyplama bildirildi. Maglumatda ilçihananyň öňki üçünji sekretarynyň Lebap welaýatyndaky ýokary okuw jaýynyň dördünji kursunyň studenti bilen bir jaýda tutulandygy aýdylýar.

20-nji awgustda YouTube saýtynda peýda bolan wideoda bu işiň hakykylygynyň subutnamasy hökmünde, täjik diplomatlarynyň telefon gepleşikleri diýilýän ýazgy görkezilýär.

Bu wideo maglumaty seslendirýän adamyň ses ýazgysy üýtgedilip, onda Täjigistanyň öňki ilçisi Mahmudjon Sobirowyň täjik daşary işler ministri Sirojiddin Aslow we ilçihananyň iki işgäri Hurşed Rahimow hem-de Abdulfaýz Ato bilen gyzy zorlamaga synanyşmakda aýyplanýan diplomatyň meselesi barada maslahat edendigi öňe sürülýär.

“Käbir diplomatlar gatnaşyklary bozmaga synanyşýar”

Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda diplomatik meseläniň dörändigini görkezýän bu wideo ýazgy YouTube saýtynda “Andreý Semenow” atly şahs tarapyndan çap edildi. Semenow bu saýtda diňe şu wideo ýazgyny paýlaşypdyr.

Bu wideo maglumatyň başynda Türkmenistanyň “Watan” habarlar gepleşiginiň açylyş böleginden bir bölek görkezilýän bolsa-da, onuň resmi metbugatda çap edilendigini görkezýän alamat ýok.

Şeýle-de, wideo maglumatyň başynda türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen täjik prezidenti Emomali Rahmonyň gol tutuşyp duran pursatlaryndan ýazgylar görkezilip. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýurtdaky daşary ýurt ilçihanalarynyň wezipelerini doly berjaý etmekleri üçin, zerur bolan ähli şertleri döredýändigi bellenilýär.

Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda Türkmenistan dünýäniň ençeme ýurtlary, şol sanda goňşy döwletler bilen dostlukly, ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary ýola goýdy. Emma olaryň arasynda käbir diplomatlar özleriniň Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny bozmaga çalyşýarlar. Şeýle hereket etmekçi bolýanlaryň arasynda biz Täjigistanyň diplomatlarynyň adyny agzap bileris diýlip, wideo ýazgyda nygtalýar.

“Kadalary gödek depelemek”

Şeýle-de, onda täjik diplomatlarynyň bolýan ýurtlaryndaky kanunlara hormat goýmak barada Wena konwensiýasynyň prinsipleriniň garşysyna, şol sanda däp-dessurlary berjaý etmän, ýerli graždan we jenaýat kadalaryny gödek we betniýetli depelemegini dowam etdirýändigi aýdylýar.

Maglumatda Duşenbedäki we Aşgabatdaky täjik diplomatlarynyň gyzy zorlamaga synanyşmakda aýyplanýan ilçihananyň üçünji sekretarynyň meselesi barada telefon arkaly maslahat edendikleri öňe sürülýär.

Muňa garamazdan, bu telefon gepleşikleriniň haçan we nähili görnüşde ýazgy edilendigi barada anyk maglumat ýok. Ýöne wideoda aýdylmagyna görä, bu telefon gepleşikleri şu ýylyň iýun aýynda ýazgy edilipdir.

Şu ýylyň iýun aýynda täjik prezidenti Emomali Rahmon Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi öňki Mahmudjon Sobirowy “hormatly dynç alşa çykýandygyny sebäp görkezip”, eýeleýän wezipesinden boşatdy. Şondan bäri Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine hiç kim bellenilmedi.

Türkmen tarapy bilen gepleşikleri geçirmek

Wideoda Mahmudjon Sobirowyň Aşgabatdaky wezipesinden yzyna çagyrylmagynyň gürrüňi edilýän mesele bilen baglanyşyklydygy öňe sürülýär.

Bu wideo ýazgyda Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisiniň ikinji sekretary Hurşed Rahimowyň bu meseläni çözmek üçin, Mahmudjon Sobirow we täjik Daşary işler ministrliginiň “Şarifhon” atly işgäri bilen maslahat edendigi aýdylýar.

Ol Mahmudjon Sobirowa bu mesele boýunça, iň gowusy, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen gepleşik geçirmegi we ony çözmegi maslahat berýär. Şonda ol täjik ilçisine ilçihananyň öňki üçünji sekretarynyň “bir gyz bilen bir jaýyň içinde wagty ele salnandygyny” we onuň tussag edilmezligi üçin, türkmen tarapyna basyş edilmelidigini, ýogsa munuň masgaraçylykly ýagdaý boljakdygyny aýdýar.

Bu maglumatyň originaldygy we täjik diplomatlaryna garşy ýöňkelýän bu aýyplamalaryň hakykylygy subut edilmedi. Şeýle-de, bu mesele dogrusynda häzire çenli Täjigistanyň häkimiýetleri hem hiç hili beýanat bilen çykyş etmediler.

Neşe gaçakçylygy

22-nji awgustda Täjigistanyň Aşgabatdaky öňki ilçisi Akbarşoh Iskandarow Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, daşary ýurt diplomatlarynyň gepleşikleriniň ýazgy edilmeginiň resmi däldigini we özüniň bu wezipede döwri şeýle wakalaryň ýüze çykmandygyny aýdýar: “Ilçihananyň käbir işgärleriniň näme edýändigine, näme bilen meşgullanýandygyna syn etmek üçin, olaryň telefon gepleşikleri diňlenilýär we olara wideo kameralar arkaly gözegçilik edilýär. Emma Türkmenbaşynyň [Saparmyrat Nyýazowyň] bu meseleler bilen işi ýokdy. Biz onuň bilen gowy gatnaşyk saklaýardyk”.

Şol bir wagtda, wideo ýazgyda Täjigistanyň Türkmenistandaky missiýasy bilen baglanyşykly mundan ozal hem neşe gaçakçylygy ýaly käbir wakalaryň bolandygy ýatlanylyp, muňa 2015-nji ýylda bolan bir waka mysal getirilýär.

Geçen ýylyň 21-nji maýynda türkmen-eýran serhet geçelgesinde ýurda neşe serişdeleriniň uly göwrümini getirýän Täjigistanyň Aşgabatdaky diplomatik missiýasyna degişli awtoulag saklanyldy. Türkmenistan iki ýurduň arasyndaky goňşuçylykly gatnaşyklary saklamagyň hatyrasyna bu wakany köpçülige mälim etmedi. Emma bu baradaky maglumat Täjigistanyň “Tajinfo” Internet portalynda peýda boldy diýlip, wideo ýazgyda aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG