Sepleriň elýeterliligi

“‘Türkmenhowaýollarynda’ uly nobatlar dowam edýär”


“Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasyndan bilet satyn almak üçin nobata duran adamlar.

“Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasyndan bilet satyn almak üçin nobata duran adamlar.

Aşgabadyň awiabilet satylýan edarasynda emele gelen adamlaryň uly nobatlarynyň eýýäm bir hepdä golaý wagt bäri dowam edýändigi habar berilýär. Bu ýere bilet satyn almaga baran türkmenistanlylaryň dört-bäş sagatlap öz nobatynyň ýetmegine garaşmaly bolýandygy aýdylýar.

Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň websaýtynda biletleri online internet arkaly satyn alyp bolýandygy aýdylsa-da, “bu hyzmatdan häzirlikçe peýdalanyp bolmaýandygy” bellenilýär.

Azatlyk radiosy “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň merkezi ofisindäki uly nobatlar we olaryň bolaýmagy mümkin sebäpleri bilen gyzyklanyp, şu gün şol edara baryp gelen habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG