Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Ýaşulular maslahatynyň ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy, ýagny ony hökümetden we parlamentden hem ýokarda goýmagy nazarda tutýar.
Döwlet baştutany bu niýetini 17-nji fewralda, Aşgabatdaky «Ruhyýet» köşgünde sözlän inaugurasiýa sözünde mälim etdi.
Ýüzlerçe ýaşulularyň gatnaşmagynda uly dabara bilen döwletiň guramaçylygynda geçirilýän bu çärä ýaşulular nädip gatnaşdyrylýar?
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan bir ýaşuly çärä gatnaşmazlyk üçin hatda sakgaly bilen hoşlaşmaga razy bolandygyny gürrüň berdi.
Lebaply Jora aga bilen Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy Osman Hallyýew söhbetdeş bolupdy. 2014-nji ýylda geçirilen şol söhbetdeşligi gaýtadan dykgatyňyza hödürleýäris.