Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Rekonstruksiýa işleri ýolagçylary bökdeýär


Şu günler Aşgabadyň demir ýol wokzalynyň golaýynda rekonstruksiýa işleri geçirilýär. Mundan iki hepde ozal başlanan abatlaýyş işleriniň çäginde wokzalyň esasy binasynyň köçe tarapyna demir haýat aýlanyp, onuň öňünden geçýän Gurbansoltan eje şaýolunda agyr tehnika gurluşyk işlerini alyp barýar.

Häkimiýetler bu ýerde nähili rekonstruksiýa işleriniň geçirilýändigi barada häzirlikçe halk köpçüligine anyk maglumat bermeýärler. Adatça, daşyna haýat aýlanan gurluşyk obýektlerinde nähili işleriň alnyp barylýandygy, gurluşygyň kim tarapyndan amala aşyrylýandygy, onuň gutarjak wagty barada maglumat ýazylan plakatlar asylýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, demirýol wokzalynyň esasy girelgesiniň öňünden geçýän Gurbansoltan eje adyndaky şaýol giňeldilip, wokzalyň günorta we günbatar bölegindäki ýerasty geçelgeler ýumrulýar we olaryň deregine täzeleri gurulýar.

Ýolagçylar, ulaglar çem gelen ýerden geçýär

Alnyp barylýan bu rekonstruksiýa işleri sebäpli wokzalyň esasy binasyna hem zeper ýetip, onuň ýolagçylaryň otla garaşmak üçin niýetlenen perronynyň hem esasy bölegi ýumruldy. Şeýle-de, wokzalyň esasy girelgesiniň öňünde ýerleşen suw çüwdürimleri hem ýer bilen ýegsan edilip, onuň daş-töweregindäki onlarça agaç hem kesildi.

Şol bir wagtyň özünde, Aşgabadyň esasy demirýol wokzalynyň öňünde dowam edýän bu rekonstruksiýa işleriniň çäginde Gurbansoltan eje şaýolunyň wokzalyň öňünden geçýän ýeri bölekleýin ýapyldy. Bu ýagdaýyň otly gatnawyna täsir ýetirip-ýetirmändigi barada anyk maglumat bolmasa-da, bu wokzala barýan we gaýdýan ýolagçylaryň gatnawynda käbir kynçylyklary döretdi.

Mary welaýatyna sapara barýan 50 ýaşlaryndaky Akbibi daýza ýolagçylaryň wokzala barmagy üçin ýörite geçelgeleriň göz öňünde tutulmandygyny aýdyp, bu ýerde adamlaryň-da, ulaglaryň-da çem gelen ýerden geçýändigini aýdýar.

“Awtoulagdan düşüp, wokzala girjek bolsaň durşuna başagaýlyk. Bu ýerde ýolagçylar üçin niýetlenen ýörite geçelgeler ýok. Şoň üçin adamlaram, awtoulaglaram, agyr gurluşyk maşynlaram çem gelen ýerden geçip dur. Özüňe seresaplyrak bolup geçäýmeseň, başga çykalga ýok. Durşuna kynçylyk”.

“Döwletiň pul serişdesi bisarpa ulanylýar”

Gepiň gerdişine görä aýtsak, gürrüňi edilýän wokzalda rekonstruksiýa işleri mundan 4 ýyl çemesi ozal geçirilipdi. Şonda wokzalyň esasy binasynda we onuň daş-töwereginde abatlaýyş işleri geçirilip, wokzalyň günbatar we günorta böleginde täze ýerasty geçelgeler gurlupdy.

Käbir ýaşaýjylar häzirki wagtda bu desgalaryň gaýtadan ýumrulmagyny “döwletiň pul serişdesini bisarpa ulanmakdan başga zat däl” diýip düşündirýärler.

“Käbir adamlar aýlyk haklaryny wagtynda alyp bilmeýärler. Emma beýleki tarapdan bolsa, häkimiýetler döwletiň pul serişdesini ýele sowurýarlar. Dört ýyllykda oturdylyp, boý alan, ýetişen agaçlaryň üstünden buldozer maşynlar bilen sürüldi” diýip, Akbibi daýza gürrüň berýär.

Soňky ýyllarda Aşgabatda süňňi abat, rekonstruksiýa edilmegine zerurulyk ýok desgalaryň-da käbirleri ýumrulyp, olaryň deregine gaýtadan täzesi gurulýar. Şeýle gurluşygyň ýene biri Aşgabadyň Türkmenbaşy şaýolunyň ugrundaky Nesimi seýilgähinde gidýär. Mundan 1 ýarym ýyl ozal rekonstruksiýa edilen bu seýilgähde häzir agyr tehinka suw çüwdürimini ýumrup, agaçlary ýer bilen ýegsan etdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG