Sepleriň elýeterliligi

“Ýoluň süňňi tutulsa-da, entek edilmeli iş köp”


Geçen hepdäniň ahyrynda Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurlup, ulanmaga berlen ençeme desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Şol bir wagtyň özünde, ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlarda Aşgabatdan Balkan welaýatyna uzap gidýän asfalt ýoluň gurluşygynyň indi ençeme ýyl bäri doly tamamlanmaýandygy habar berilýär.

Bu ýagdaýyň bolsa, ýolagçylara we sürüjilere käbir bökdençlikleri döredýändigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosy Aşgabat-Balkanabat asfalt ýolunyň häzirki ýagdaýy barada geçen hepdäniň ahyrynda bu welaýata sapar eden habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş boldy.

XS
SM
MD
LG