Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Merkezi banky hakerler $31 million ogurlady diýýär


Orsýetiň Merkezi bankynyň gubernatory Elwira Nabiullina
Orsýetiň Merkezi bankynyň gubernatory Elwira Nabiullina

Orsýetiň Merkezi banky hakerleriň bank hasaplaryndan 31 milliondan gowrak dollary ogurlandyklaryny aýtdy.

Bu habar Orsýetiň esasy howpsuzlyk gullugynyň ýurduň bank sistemasyny durnuksyzlaşdyrmaga gönükdirilen kiber hüjümleriniň planlaşdyrylýandygyny duýduran wagtyna gabat geldi.

Rus bankynyň 2-nji dekabrdaky habary dünýä ýüzünde maliýe edaralaryny nyşana alýan we barha köpelýän kiber hüjümleriniň soňkusydyr.

Merkezi bankyň resmisi Artýom Syçew Moskwada bolan brifing mahalynda ýitirilen pullaryň möçberini aýdyp, hakerleriň 5 million rubl (78 million ABŞ dollary) ogurlamaga synanyşandyklaryny habar berdi.

Bankyň 2-nji dekabrda, biraz öň ýaýradan habarynda hakerleriň müşderi maglumatlaryny galplaşdyrmak bilen hasaplara girendikleri aýdyldy, emma hemme detallar açylmady.

Şeýle-de, Federal howpsuzlyk gullugy 2-nji dekabrda rus bank sistemasyny durnuksyzlaşdyrmak planynyň üstüni açandygyny aýtdy.

FSB diýip bilinýän gulluk bu diýilýän planyň arkasynda duranlary anyklaşdyrmady, emma bu işiň Niderlandiýada ýerleşýän, Ukrainanyň BlazingFast web-hosting kompaniýasynda hasaba alnan kompýuter serwerleri bilen ilteşiklidigini aýtdy.

Bu beýanatda güman edilýän hüjümleriň 5-nji dekabrda başlanjakdygy, şol bir wagtda-da sosial ulgamlarda Orsýetiň esasy banklarynyň we maliýe sistemalarynyň weýran bolandygy barada tekst messajlarynyň we habarlaryň ýaýradyljakdygy aýdylypdy.

Şeýle-de bu hüjümiň onlarça rus şäherini nyşana aljagy duýdurylypdy.

Kiýewde ýerleşýän BlazingFastyň direktory Anton Onopriçuk hiç bir aňtaw gullugynyň öz kompaniýasy bilen habarlaşmandygyny aýtdy. Şeýle-de ol, kompaniýanyň derňew geçirmegi üçin, has köp maglumata garaşýandygyny sözüne goşdy.

Garaşsyz çeşmeler tarapyndan tassyklanyp bilinmese-de, bu iki habar, Merkezi bankyň ogurlyk habary we FSB-niň ýaýradan duýduryşy öňünden ylalaşylana çalym etdi.

Bu ogurlyk we planlaşdyrylandygy aýdylýan kiber hüjümi dünýäniň dürli ýerlerindäki edaralary nyşana alýan kiber hüjümleriniň sanynyň artýan wagtyna gabat geldi.

Bu hüjümleriň käbiri aýratyn alnan adamlar tarapyndan edilse, beýlekileri hökümet howandarlygyndaky kiber toparlary tarapyndan amala aşyryldy.

Amerikan hökümeti Orsýetiň hökümetini Demokratik partiýanyň resmilerine haker hüjümleriniň edilmeginde açyk aýyplanyndan biraz soň, ABŞ-nyň aňtaw gulluklary bu meselede garşylykly çäreleriň görüljekdigini aýdypdylar.

Wise-prezident Jo Baýden oktýabrda «Biz Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine messaj iberýäris», ýagny «yşarat edýäris» diýipdi.

"Bu biziň öz saýlap alan wagtymyzda, örän uly täsir ýetirjek şertlerde bolar» diýip, ol duýdurypdy.

XS
SM
MD
LG