Aşgabadyň merkezi köçeleriniň ugrundaky jaýlaryň ýerzeminlerinde ýerleşýän hususy dükanlarda azyk önümlerini satmaga rugsat haty telekeçileriň elinden alynýar.
Aşgabadyň resmileriniň geçen ýylyň tomsunda çykaran bu kararyny şu günler durmuşa geçirip başlandygy, telekeçilere şu aýyň aýagyna çenli möhletiň berlendigi habar berilýär.
Azatlyk Radiosy aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş bolup, bu ýagdaý barada jikme-jik maglumat bermegi sorady.