Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan – ýaşulularyň ýaşamaly ýurdy


Türkmen ýaşululary
Türkmen ýaşululary

Türkmenistanyň ähli zady makullap, möhrüni basýan parlamenti, möhrüni ýene ýitirerli görünýär.

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji fewralda sözlän inaugurasiýa sözünde Ýaşulular maslahatynyň statusyny parlamentiňkiden hem ýokarlandyrjakdygyny aýtdy.

Bu bir tarapdan ýaşlary ýetmişiň üstündäki “aksakgallar” toparynyň resmi taýdan hökümetiň kanun çykaryjy organyna öwrülmegini aňlatsa, bir tarapdan-da türkmen parlamentiniň ornunyň ýene bir gezek peseldilmegi bolup durýar.

1991-nji ýylda gazanylan garaşsyzlygyň deslapky ýyllarynda Ýaşulular maslahaty ýaly bir organ bardy, oňa Halk maslahaty diýilýärdi. Türkmenistanyň garaşsyzlykdan soňraky ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýolbaşçylygynda bu topar, ýagny Halk maslahaty türkmen jemgyýetiniň dürli gatlaklaryny, şol sanda döwlet işgärlerini, gullukçylary, telekeçileri, daýhanlary, jemgyýetçilik guramalaryny we beýlekileri öz içine alýardy.

Halk maslahaty üýtgetmeleriň girizilmegini teklip ederdi, aýdylyşyna görä, özleriniň wekilçilik edýän toparlar we adamlar tarapyndan Nyýazowy ömürlik prezident etmek ýaly pikirleri öňe sürerdi. Nyýazowy ömürlik prezident etmek teklibi 1995-nji ýylda başlansa-da, Nyýazowy halkyň islegine boýun egip, özüniň galan ömrüni häkimiýet başynda geçirmäge yrmak Halk maslahatyna ahyrsoňy 1999-njy ýylyň 28-nji dekabrynda başartdy.

‘Öldürmek synanyşygy’

2002-nji ýylyň noýabr aýanyň aýaklarynda Nyýazowy öldürmäge synanyşyldy diýen habardan soňra, Nyýazow herekete geçmek üçin parlamente däl-de, Halk maslahatyna ýüz tutdy.

2001-njy ýylyň noýabrynda Hytaýda Tükmenistanyň ilçisikä özüni Nyýazowyň hökümetiniň oppozisiýasy diýip yglan eden öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradow öldürmek synanyşygy diýilýänden az wagt soňra Türkmenistanda tutuldy. Dil düwşüge ýolbaşçylyk eden şol diýildi.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow
Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow

2002-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Nyýazow Halk maslahatyna bir wideoýazgyny görkezdi. Bu ýazgyda, Türkmenistandan daşardaky adamlaryň aýtmagyna görä, Şyhmyradow mejbury ýagdaýda günäsini boýun alyp: “Dogry, men türkmen prezidentini öldirip, konstitusion düzgüni ýykjak boldum” diýdi.

Ondan az wagt soňra Nyýazow Halk maslahatyndan “ýokary dönükligiň” nämedigini we oňa näme jezanyň berilmegini kesgitlemegi sorady. Halk maslahaty hem ömürlik tussaglygy saýlap tutdy.

Halk maslahatynyň 2003-nji ýylyň 14-15-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçen mejlisinde Maslahat ýurduň iň ýokary kanun çykaryjy organy edildi. Onuň ozal 2000 bilen 3000 müň aralygynda bolan agzalarynyň sany hem 2507-ä getirildi. Bu orunlary doldurmak üçin 2003-nji ýylyň 6-njy aprelinde hem saýlaw geçirildi.

Täzelenen Halk maslahatynyň eden ilkinji işi ýazan kitaplary üçin Nyýazowa “halkara” Magtymguly baýragyny bermek boldy.

Çalt tassyklanan dokument

Halk maslahaty öz döwründe Nyýazowy diňe ömürlik prezident etmek bilen çäklenmän, täze prezidentlik saýlawlaryny geçirmek boýunça köplenç Nyýazowyň öz tarapyndan edilen göwünli-göwünsiz teklipleri hem birsyhly ret edip geldi.

Halk maslahaty Nyýazowyň hepdäniň günleriniň we ýylyň aýlarynyň atlaryny üýtgetmek teklibini oňlady. Ol döwlet işgärleriniň hökümet işine ýaramlylygyny üpjün etmek maksady bilen olaryň ata-babalarynyň alty arka çenli barlanmagy baradaky düzgüni-de kabul etdi.

Türkmenistanyň häzirki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň häzirki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

2006-njy ýylyň dekabrynda Nyýazow aradan çykansoň, Halk maslahaty bir dokumenti gyssanmaç oňlap, parlamentiň başlygy Öwezgeldi Ataýewiň eldegrilmezligini ýatyryp, onuň tussaglyk astyna alynmagyna we saglygy saklaýyş ministri Berdimuhamedowyň iş başyna gelmegine ýol açdy. Maslahat şol bir wagtyň özünde-de wagtlaýyn prezidentiň prezident saýlawlaryna goşulmagy baradaky konstitusion gadaganlygy-da ýatyrdy.

2008-nji ýylda Berdimuhamedowyň konstitusiýa girizen üýtgetmeleri bilen Halk maslahatynyň özi-de ýatyrylyp, onuň ygtyýarlyklary parlamente we kanun çykaryjy organa berildi.

Boşluk doldurylýar

Boşluk Ýaşulular maslahaty bilen dolduryldy. Bu maslahat hem Halk maslahatynyň giden ýoluny yzarlajaga meňzeýär.

Maslahatyň baş kanuna girizilmegi barada eden teklipleri, sentýabrda kabul edilip, prezidentlige dalaşgärleriň 70 bolan ýaş çägi aýryldy, prezidentlik möhleti hem bäş ýyldan ýedi ýyla ýetirildi. Maslahat elektrik togy, gaz we suw ýaly halka berilýän mugt kömekleriň hem kesilmegini teklip etdi.

2011-nji ýylda Ýaşulular maslahaty Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň gahrymany” diýen baýragyň berilmegini oňlap ses berdi, onuň hökümdarlygyny “ýer ýüzüniň behişdi” diýip atlandyrdy.

Berdumuhamedowy ömürlik prezident diýip yglan etmek pikirini hem Ýaşulular maslahaty ýaýratdy.

Türkmenistanda edilýän köp zatlar ýaly, parlamentiň Ýaşulular maslahatyna tabyn edilmeginiň hem delilleri nämälim. Aýratyn-da Türkmenistanyň kyn ykdysady ýagdaýlary başdan geçirýän häzirki wagtyny nazara alanyňda, ömrüniň üçden iki bölegini Sowet Soýuzynda geçiren adamlaryň ýurdy häzirki krizisden çykarmaga ýaramly planyň hötdesinden geljekdigini göz öňüne getirmek aňsat däl.

Ýaşulular maslahatynyň agzalary halk tarapyndan saýlananok, halkyň arasyndan seçilip alynýar. Maslahata kimleriň alynýandygy belli bir derejede bilinmeýän däl. Bu barada “Gyşlak Owazy” ozalky agzalaryň biriniň hekaýatyny eşitdi. Beýleki 600 (bäş welaýatyň her birinden 100 adam, paýtagt Aşgabatdan hem 100 adam) adamyň hekaýatlarynyň hem şonuňka çalymdaş bolmagy ähtimal.

Ýaşulular maslahatyny Türkmenistanyň iň ýokary kanun çykaryjy organy etmek entek diňe bir teklip. Ýöne bu teklibi edýän prezident Berdimuhamedow. Şol sebäpden parlamentiň gününiň sanalgy bolmagy mümkin.

XS
SM
MD
LG