Sepleriň elýeterliligi

Daşoguz: Türkmen telekanallaryna tomaşa edip bolmaýar


TÜrkmenistanyň "Türkmenistan Sport" telekanalyndan alnan bir bölek.

TÜrkmenistanyň "Türkmenistan Sport" telekanalyndan alnan bir bölek.

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz we Gubadag etraplarynda Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki telekanallaryna talabalaýyk tomaşa edip bolmaýar diýip, Azatlyk Radiosynyň okyjylarynyň biri sosial ulgam arkaly habar berýär.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran okyjymyzyň aýtmagyna görä, awgust aýynyň 20-sinden bäri Daşoguzyň agzalýan iki etrabynda Türkmenistanyň “TV4”, “Aşgabat”, “Ýaşlyk” we “Türkmenistan Sport” telekanallarynyň sesi gelmeýär we käbirleriniň şekilleri hem görünmeýär.

Ýerli synçy Amanmyrat Bugaýewiň sözüne görä, telekanallardaky ses problemasyna we oňa tomaşa etmekdäki bökdençliklere diňe gürrüňi edilýän etraplarda däl, eýse Daşoguz welaýatynyň ähli ýerinde duş gelse bolýar.

Soňky iki aýyň dowamynda eýýäm üçünji gezek gaýtalanýan bu meseläni çözmek üçin, ýaşaýjylar ilkibada tehnik ussalara ýüzlenipdirler.

“Olar [ýaşaýjylar] birbada [bu bökdençligi] öz telewizoryndan görüp, ussa çagyrypdyrlar. Ýöne telewizordan, teleprogrammalardan baş çykýan ussalar ‘bu telewizor bilen baglanyşykly problema däl, aňyrdan sesiň özi gelenok’ diýip düşündirýärler diýdiler” diýip, synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

“Signallar ýetmeýär”

Azatlyk radiosy bu bökdençligiň bolaýmagy mümkin sebäpleri bilen gyzyklanyp, Türkmenistanyň Telewideniýe we radiogepleşikleri hem-de kinomatografiýa baradaky döwlet komiteti bilen habarlaşdy.

Bu komitetiň howpsuzlyk sebäpli adynyň agzalmazlygyny soran telewizion tehniki merkeziniň käbir işgärleri “häzirki wagtda ýurduň käbir sebitlerinde ýaşaýjylaryň daşary ýurtlaryň sputnikleri arkaly türkmen telekanallaryna tomaşa edýändigini, olardan berilýän signallaryň bolsa kämahallar etrapdyr obalara baryp ýetmeýändigini” aýdýarlar.

“Türkmenistan heniz ýurduň ähli ýerinde öz “Türkmen Älem 52E” emeli hemrasyna geçip bilenok. Ine, şu sputnige doly geçirlenden soň, belki, bökdençlikdir kösençlikler aradan aýrylar” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran türkmen telewizion tehniki merkeziniň bir işgäri gürrüň berdi.

“Ýaşaýjylar daşary ýurt sputniklerinden peýdalanýar”

Şol bir wagtda, Daşoguzdan gelip gowuşýan maglumatlarda ilatyň aglaba böleginiň ýerli we daşary ýurt telekanallara “Türkmen Älem 52E” sputnigi arkaly däl-de, daşary ýurt emeli hemralarynyň üsti bilen tomaşa edýändigi aýdylýar.

“Daşoguzda çanak antennasyny ‘Türkmen Älem 52E’ sputnigine bakdyryp goýýan örän az. Bu sputnigiň gowy işleýän ýerlerinde-de ýaşaýjylar daşary ýurt sputniklerinden peýdalanýarlar. Sebäbi şol sputniklerde daşary ýurt radio-telekanallarynyň ençemesini, şol sanda Azatlyk radiosyny diňläp bilýärler” diýip, sosial ulgamdaky okyjymyz aýdýar.

Türkmenistanyň “Türkmen Älem 52E” atly ilkinji telekomunikasiýa emeli hemrasy 2015-nji ýylyň 27-nji aprelinde ABŞ-nyň Florida ştatynyň Kanaweral burnundaky kosmodromdan kosmosa uçurylyp, “Falkon 9” atly raketa göteriji tarapyndan orbita çykaryldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG