Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda azyk gytçylygy güýçlenýär


Azyk bazary, Türkmenistan
Azyk bazary, Türkmenistan

Türkmenistanda şu aýda dörän şeker, un, ýag gytçylygynyň yz ýany soňky günlerde dükanlarda beýleki azyk önümleriň hem azalandygyny türkmenistanlylar Azatlyk Radiosyna gürrüň berýärler.

“Şu günler ýerli fermalarda ýetişdirilen towuk eti hem dükanlardan aýryldy. Biznesmen Dadaýewe degişli towuk etini öndürýän kärhanalarda, hatda şol kärhananyň özüne degişli ýörite dükanlarda hem häzir ýok” diýip, özüni Mekan diýip tanadan Aşgabadyň ýaşaýjysy gürrüň berýär. Onuň sözüne görä, ýurduň içinde etden öndürilýän kolbasa ýaly önümler şu günler satuwda az.

Aşgabadyň dükanlarynda soňky günlerde gyt haryda öwrülen şekeriň şu günler lomaý söwdasyndan aýrylandygy habar berilýär. Döwlet dükanlarynda her kilogramy 3 manat 20 teňňeden satylan şekeri satyn almak soňky günlerde ägirt uly nobatlar döretdi. Hususy dükanlarda şeker çäklendirilen görnüşde elýeterli bolup, bahasy tas iki esse gymmat bahadan satylýar.

Şekeriň yz ýany gandyň hem dükanlarda azalyp, has gymmat bahadan satylyp başlandygyny ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

Şu günki gün Aýtakow köçesindäki lomaý söwda bazarynda gant-rafinad satylýar, onuň 750 gramlyk bir gutusynyň bahasy 11 manada durýar.

Paýtagtyň dükanlarynda daşary ýurtda öndürilen azyk önümleriniň görnüşleri hem azalypdyr. Bu et, süýt ýaly azyk önümlerine degişli. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar munuň esasy sebäbini milli puluň daşary ýurt walýutasyna çalyşmagyna girizilen çäklendirmelerde görýärler.

Aşgabadyň gara bazarynda bir amerikan dollaryň bahasy ýedi ýarym manada durdy. Resmi kurs 3.5 manat derejesinde saklanyp, daşary ýurt walýutanyň nagt çalşygyny ýatyrmak barada ýylyň başynda girizilen düzgün saklanyp galýar.

Azyk önümleriniň gytçylygy öňem döreýärdi, ýöne adatça uly baýramçylyklaryň, esasan hem garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda bazarlarda, dükanlarda haryt bolçulygyna döwlet derejesinde üns berilýärdi we azyk önümleriniň dürli görnüşleriniň bolmagy üpjün edilýärdi.

“Ön garaşsyzlyk senesiniň öň ýanynda häkimiýetler we hususy telekeçiler bazary harytlar, ilkinji nobatda-da, azyk önümleri bilen doldurmak boýunça goşmaça iş

alyp barýardylar. Şu ýyl ilkinji gezek başgaça ýagdaý döredi. Harytlaryň derejesi öňküligine galdy. “Baýramçylyk bolçulygy” döredilmedi, diýip Mekan aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşleri şu günki gün iň arzan bahaly azyk önümleri has köp satyn alynýar diýip aýdýarlar. Şeýle önümleriň arasynda şeker, ýerli pagta ýagy, Gazagystanda, Orsýetde we Ukrainada öndürilen mekge we çigit ýagy agzalýar.

XS
SM
MD
LG