Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Dostlyk” seýilgähi “ýalaňaçlandy”


Uly agaçlaryň çapylýandygy sebäpli parkyň häzirki ýagdaýy hem gün-günden üýtgeýär.
Uly agaçlaryň çapylýandygy sebäpli parkyň häzirki ýagdaýy hem gün-günden üýtgeýär.

Lebap welaýatynyň merkezi bolan Türkmenabat şäheriniň ortasynda ýerleşýän we il arasynda "Dostluk" seýilgähi diýip tanalýan seýilgähdäki köp ýaly uly baglaryň sany gün-günden azalýar. Hususan-da, ençeme ýyllar ozal ekilen agaçlary ýekänme-ýekän çapyp aýyrýarlar. Ol baglaryň aglabasy garaşsyzlyk ýyllaryndan öňki ekilen agaçlardan ybarat. Bu uly agaçlar parkyň içindäki özüniň gür ýapraklary bilen berýän kölegesi sebäpli türkmenabatlylaryň gowy gören seýilgähine öwrülipdi. Çapylan agaçlaryň ýerine bolsa ýolka agaçlary ekilýär. Ýöne ekilen täze agaçlaryň ençemesi boýuny alyp bilmän guraýar. Ýogsa-da olaryň käbirleri gyşyň sowuk howasyna we tomsuň jöwzaly yssylaryna çydap bilmän guraýarlar.

Uly agaçlaryň çapylýandygy sebäpli parkyň häzirki ýagdaýy hem gün-günden üýtgeýär, öňki gür bagy-bossanlygyň ornuna häzirki wagt kiçijik nahallardan ybarat bolan bir boşluga öwrülýär. Bu bolsa parkyň asyl özüniň ýok bolmagyna getirýär diýen pikiri döredýär.

Köne parkyň üýtgedilmegi geçen ýylyň tomusynda rekonstruksiýa etmek işleri bilen başlanypdy. Şol wagtlar bu parka täze nahallaram ekilipdi we şol wagtlar parkyň içinde beýleki ençeme köne gür baglary-da görse bolýardy. Emma bir ýyl geçenden soňra, parkyň içiniň boşlugyndan öňki "Dostluk" seýilgähini tanar ýaly bolmady. Baglary çapmaklyk işi ýuwaş-ýuwaşdan dowam edip gelýär.

Rekonstruksiýa geçirilýän wagty köne agaçlaryň çapylmagy ilat arasynda bir howatyrlanma döredip, parkyň içiniň rekonstruksiýasy barada adamlar özara närazy gürrüň edýärdiler. Rekonstruksiýadan soňky parkyň ýagdaýy bolsa, öňki durkuna ýakyn bolar diýilýärdi. Emma ondan bäri park ýalaňaç bir meýdany ýatladyp barýar.

Ençeme ýyllap birgiden iş güýji sarp edilip ýetişdirilen agaçlary çapmak däbi Türkmenabatda ilkinji gezek däl.

Köne baglary çapmaklyk hereketini häzirki wagtda köçe abadanlaşdyryş işlerinde-de görse bolýar. Emma 2000-nji ýyllaryň başlarynda şäheriň beýleki parky bolan we il arasyndaky "Şäher parky" diýilip tanalýan parkyndaky uly we ençeme ýyllyk agaçlary düýbinden çapyp, ýerine sosnalary ekip başladylar. Olary indi her ýylda diýen ýaly täzeläp durlar. Emma welin 15 ýyl töweregi wagt geçenem bolsa, soňky ekilen agaçlar parky öňki durkyna getirip bilmedi. Häzirki wagtda "Dostluk" seýilgähinde hem agaçlary çapýarlar, bu bolsa saýaly parky ýalaňaçlaýar.

XS
SM
MD
LG