Sepleriň elýeterliligi

Ynsanlyk derejesiniň pälwany


Mahmyt Pälwanyň 1979-njy ýylda Daşkentde çykan neşiri.

Mahmyt Pälwanyň 1979-njy ýylda Daşkentde çykan neşiri.

Ol ynsan hakykatdanam göreşiji pälwan bolupdyr. Ikinji tarapdan, hakykaty – dogry sözi aýtmagy başaran pälwan saýylýar.

Göreşijiniň ýoly

“Mahmyt Pälwan orta asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekili” diýip, Türkmen ensiklopediýasy (5 tom, 393-sah.) ýazýar. 1247-nji ýylda Hywada, käbir çeşme onuň Köneürgenjiň eteginde doglup, soňra Hywa göçüp barandygyny aýdýar. Ol bütin ömrüne Hywada ýaşap, 1322-nji ýa-da 1326-njy ýylda şol ýerde aradan çykypdyr.

Hywa şäherinde, bize gadyrly bolan Şirgazy medresesiniň alnynda, Mahmyt Pälwanyň örän görnükli aramgähi bar.

Ony öwlüýä saýyp, zyýarat edýärler. Türkmen şahyry Aryfy şeýle diýipdir:

Bir gije ýatyrdym, eý, Mahmyt ata,

Getirip elime bir nan beripdir.

Pälwan

Oňa şöhrat getiren pälwanlygy bolupdyr. “Horezmde, Horasanda, Eýranda, Hindistanda göreşmäge taý tapylmandygy sebäpli, ol “Pälwan” lakamy bilen şöhratlanýar. Ol possun, telpek tikmek bilen güzeran görüpdir” diýip, Türkmen ensiklopediýasy ýazýar.

Hindistanda bir uly göreşde taýsyz ýeňiş gazanypdyr. Oňa nähili baýrak isleýäň diýlende, öz ilinden bolan ýesirleriň boşadylmagyny sorapdyr. Ol ençeme ynsany ýesirlikden halas edipdir.

Dini ygtykady babatynda, yslam dininde örän barlyşykly saýylýan sopuçylyk ýolunyň “jewanmerdan”, ýagny Jomartlar akymyna eýeripdir hem her bir işinde jomartlyga hötde gelmegi başarypdyr.

Hatyra

Halk arasynda esasan iki at bilen tanalýar. Owaly oňa Mahmyt Pälwan diýýärler. Bu ady “Pälwan baba, Pälwan pir, Hezreti Pälwan” görnüşlerinde hem aýdýarlar. Beýleki ady Pirýary bolupdyr.

Gadymy çeşmelerde Pür-e Baýweli, ýagny ‘Baýweliniň ogly’ diýen at bilenem ýatlanýar.

Magtymgyly öz eserlerinde şahyryň iki adyny hem getirýär. Ol “Şasy galandyr” eserinde ençeme tanymal adamlaryň hatarynda, dünýäde ‘Pälwan Piriýarynyň’ hem galmadygyny aýdýar.

“Şypa ber” eserinde şeýle diýýär:

Horezm ýurdunda ýatan jananlar,

Ismi Mahmyt – är päliwan, şypa ber!

Ony halypa hem beýik ynsan hökmünde Magrupy, Hatam şahyr, Aşyky hem beýlekiler ýatlaýarlar.

Miras

Mahmyt Pälwandan pars-täjik dilinde ýazylan ýüzlerçe rubagy hem mesnewi galypdyr. Özbek alymy Tuhtasin Jalalow Mahmyt Pälwanyň eserlerini çapa taýýarlamakda köp iş bitirdi. Onuň rubagylaryny Omar Haýýamyň, Rudakynyň hem ibn Sinanyň eserlerinden saýlady hem özbek diline terjime etdi.

T. Jalalowyň hyzmaty köpçülige ýaýran dessine, alym hem şahyr Nazar Gullaýew oňa aýratyn üns berdi. 1965-nji ýylda şol taýýarlanan ýygyndydan alyp, ençeme rubagyny türkmen diline terjime etdi.

Türkmen okyjylaryna Mahmyt Pälwany tanatmakda bu aýratyn hyzmat boldy.

Şolardan käbir nusgalary göreliň:

Döwrümde köp gözi men girýan gördüm,

Herne bela bolsa biaman gördüm,

Nuh müň ýaşap gören bolsa bir tupan

Men Nuh bolmasam-da, müň tupan gördüm.

*

Ýüregim sap, ne hiläm, ne kinäm bar,

Duşmanym köp, emma men hemmäge ýar,

Miweli daragt men her bir ötegçi

Daş atyp geçse-de, bolmaz maňa ar.

*

Çagyrmasa barma kişi ýanyna,

Gadyryň gaçar gol uzatsaň nanyna,

Goşma özgeleriň berre kebabyn

Gury nanyň, sowuk suwuň sanyna.

*

Hemişe bererdim gözüme saýhal,

Ýene-de bakdym çöňňelen mahal,

Şeýle köp göründi maňa öz aýybym

Özgeleň aýybyny unutdym tükel.

*

Kim kylar bu weýran köňlüm ymarat,

Kim günähim üçin berer kifarat?

Men zyýarat kyldym köp gabyrystany

Meň gabryma kim kylarka zyýarat?

*

Diýdi ýarym: “Ýene näme gamyň bar?

Köňlüňi awlady haýsy gözel ýar?”

Eline aýna berip, diýdim men oňa:

– Kimiň ýüzün görseň, şol maňa dildar.

*

Eý, hoja, sen ne üçin beýle bihabar?

Hyýalyňda gije-gündiz simu-zer,

Bu dünýeden gazanjagyň bir kepen,

Saňa asla buýrarmyka kepen bir?

*

Toprak düşeginde ýatan köp gördüm,

Gara ýer boýnuna batan köp gördüm,

Ýokluk älemine nazar salamda,

Bir gelen görmedim. Giden köp gördüm.

*

Dünýe bu, näçesi gurar köşk-eýwan,

Turan bada eder ony-da weýran,

Arşa azm ursa-da bu gün münberiň

Ertire çen kylar ýer bilen ýegsan.

Toplan Hudaýberdi Hally.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG