Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýeňiş hem ýeňliş


Kitap we ýaprak.
Kitap we ýaprak.

Paýzy Oraz hiç bir haýbatdan ýa tussaglykdan gorkmadyk şahyr boldy. Öz eserleriniň metbugatda “düzediş” girizilmezden, ýagny senzurasyz çap edilmegini talap edip geldi.

Göreşiji

Paýzy Oraz 60-njy ýyllarda orta çykdy. Ol şol döwre çenli Türkmen döwlet uniwersitetiniň Hukuk fakultetini gutarypdy. Boks göreşi boýunça student-ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň çempiony bolupdy, goşgular ýazýardy. Saz çalyp, aýdym döretmäge çalyşýardy.

Uly durmuşyň başynda ol Kommunistik partiýanyň çüýräp barýandygyny aýan etdi. Kommunistleriň halk hem Watanyň abadan bolmagy ugrunda hyzmatynyň ýokdugyny aýtdy. Halkyň aladasyny eder ýaly “Il ogly” şekilli täze partiýany döretmegiň zerurdygyny öňe sürdi.

Şert dörediň, galplyk läşin sereýin!

Şert dörediň, öň baýdagyn gereýin!

Beýle pikirleri üçin ony “sowet döwletini ýykmak işinde” aýyplaýarlar hem ilki dälihana, soňra türmä atýarlar.

60-njy ýyllarda galkynyp öňe çykan aýdyň pikirli intelligensiýanyň kömegi bilen ol tussaglykdan halas bolýar. Ýöne berk gözegçilikden hem yzarlanmalardan gutulyp bilmeýär.

Talap

Paýzy Oraz barada gürrüň gidende, şahyr Italmaz Nury ahmyr bilen bir wakany ýatlardy.

– “Edebiýat we sungata” goşgularyny getiripdir. “Meniň üçin gazetiň tutuş bir sahypasyny beriň. Sahypany diňe meniň goşgularym doldursyn” diýip, redaktor bilen dawalaşýar. Ol birneme eglişige giden bolsa, geljekki döredijiligi üçin gowy bolardy…

Emma ol eglişige gitmändir. Ol edebiýat meýdanynda-da göreş zerur diýip düşünipdir. Sebäbi göreşmän ýa-da ýumşak göreş bilen hakykaty aýdyp bolmajagyna akyl ýetiripdir.

Bu bolsa onuň döredijiligine bökdençlik döretdi. Aýda-ýylda birlän-ikilän rubagysy bolaýmasa, onuň eserleri türkmen metbugatynda çap bolmady. Özi diri wagtynda hiç bir kitabyny çykardyp bilmedi.

Bu göreşde; eserlerini çap etdirmek meselesinde ýeňlipdir. Sebäbi metbugat örän güýçli eldedi. Ol güýç şahyry akylyndan azaşan hem däli diýip yglan etdi.

Beýleki ugurlar

Ol sungatyň beýleki ugurlarynda hem öz güýjüni synap görüpdir.

Paýzy Oraz rus halk saz guraly bolan balalaýkada saz çalyp, saz döredip bilýän ekeni. Döreden sazlaryny Kompozitorlar bileleşigine-de hödürläpdir. Oňa nota geçirilmedik sazlar Çeperçilik maslahatynda seredilmeýär diýipdirler.

Elbetde, her bir saz ýazandan Daňatar Öwez çykmaz. Ýol berlen bolsa, Paýzy, belki, ilkinji türkmen bardy bolardy. Görnükli sowet şahyry Bulat Okujawa ýaly, öz goşgularyny sazyň ýany bilen aýdardy.

Gadymy keltlerden galan bu däp geçen asyryň 60-njy ýyllarynda SSSR-de ýaňadan janlanypdy hem örän ýörgünli boldy. Hiç kim Bulat Okujawadan kompozitorlyk mekdebini geçmegi talap etmändi. Ol bolsa öz aýdymlary bilen dünýäde meşhurlyk gazandy.

Eger takyk balalaýka meselesini alsak, ruslarda poeziýany balalaýkanyň owazyna goşup köp aýdýarlar, olardan belli şahyr Wiktor Bokowy ýatlamak bolar. Paýzy üçinem şeýle ýol açylan bolsa, ençeme heläkçiligiň aradan aýrylaýmagy mümkindi diýip çak edýän.

Şahsyýet

Şeýlelikde, Paýzy Orazyň döredijiliginden, onuň şahsyýet hökmündäki hyzmaty has beýik boldy. Ol şahsyýet hökmünde býurokratiýa garşy göreşe çykmagy başardy, sada halkyň hal-ýagdaýyny açyk aýdyp bildi.

Müň aç doýjak bir häkimiň nanyndan,

Ynsanlyk az ynsanlaryň sanyndan,

Ýaşaýyş hem ýaşamaga jan tapar,

Hakykat diýp jan bereniň janyndan.

Halkyň erkinligi hem Adalat diýip, hiç bir howpdan heder etmän göreşen ol ynsan göreşli ömri bilen ýeňiş gazandy. Sebäbi ol ýaranjaňlaryň, parahorlaryň hem ikiýüzlüleriň gözüniň alnynda erkin ýaşamagy başardy. Göreşiji hem dogruçyl bolup, bu durmuşda ýaşap boljakdygyny subut etdi.

Şol wagtda ol göreşmegiň zerurdygyny-da aýdýardy. Eger millet üçin göreşe çykjak, adalat ugrunda göreşjek adamlar bolmasa, beýle milletiň öläýmeginiň mümkindigini aýtdy.

Mert kişiler – arkadagy her iliň,

Merdi ýok il, il däldir-de, sürüdir.

Ol bütin ömrüni göreş bilen geçirdi. Ýöne eserleriniň, aýdan pikirleriniň ýol alyp, halka ýetişini görüp bilmedi.

Adam ömri hakykaty gazanmakdan has gysga bolarly.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG