Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistandan Eýrana 130 tussag ekstradisiýa ediler


Iran. Bajgiran border cross center between Turkmenistan and Iran. Photo was taken from seeiran.ir website.

Iran. Bajgiran border cross center between Turkmenistan and Iran. Photo was taken from seeiran.ir website.

Ýakyn geljekde Türkmenistandan Eýrana 130 sany eýranly tussag ekstradisiýa ediler diýip, “Tasnim” neşiri habar berýär.

Eýranyň metbugatynyň ýazmagyna görä, eýranly tussaglaryň ekstradisiýa edilmegi dogrusynda zerur bolan kanuny we konsullyk çäreler dowam edýär. Agzalýan tussaglaryň resmi proseduralary tamamlanandan soň, olaryň türkmen-eýran araçägindäki Bajgyran serhet geçelgesinden, Eýrana geçmegine garaşylýar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň resmi metbugatynda eýranly tussaglaryň ekstradisiýa ediljekdigi, olaryň sany we bu çäräniň haýsy jenaýat işi bilen tussag edilen bendilere degişlidigi barada halk köpçüligine hiç hili maglumat berilmeýär.

Eýranyň resmileri Türkmenistanda tussaglykda saklanylýan eýranlylaryň sanyny ortaça 400 adam diýip çaklaýarlar.

Syýasy tussaglary öz içine almaýar

Eýranyň “Tasnim” neşiriniň ýazmagyna görä, şu ýylyň iýul aýynda Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi Mohammad Ahmadi Türkmenistandan 300-den gowrak eýranly bendiniň ekstradisiýa ediljekdigini we olaryň galan tussaglyk möhletini öz ýurdunda tamamlajakdygyny aýdypdy.

Şu ýylyň ýanwar aýynda wezipä bellenen eýran ilçisi Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky tussaglary ekstradisiýa etmek ylalaşygynyň syýasy tussaglary öz içine almaýandygyny belläpdi.

14-nji awgustda Eýranyň daşary işler ministriniň konsulhanalar, parlament we daşary ýurtlular meselesi boýunça orunbasary Hassan Kaşkawi daşary ýurduň türmelerinde saklanýan eýranly tussaglara kömek etmek we olaryň bendilik möhletini satyn almak ugrundaky tagallalaryň artandygyny aýtdy.

“Eýranyň bu ugurdaky tagallalary her ýyl öňküsinden 20-30% artýar we her ýyl dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 800 çemesi eýranly tussag ekstradisiýa edilýär” diýip, Kaşkawi “ISNA” habar agentligine beren maglumatynda aýtdy.

“Tussaglaryň aglabasy neşe gaçakçylygynda tutulýar”

Şeýle-de, Kaşkawi daşary ýurtlarda bendilikde saklanýan eýranly tussaglaryň 80%-niň neşe gaçakçylygynda tutulyp, höküm edilendigini belledi.

2015-nji ýylyň mart aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýranyň ýokary derejeli hökümet resmileriniň arasynda maslahat geçirilip, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar, syýasy, kanunçylyk, ylym we tehnologiýa pudaklary boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň 17 sanysyna gol goýlupdy.

Eýranyň metbugat serişdeleriniň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we onuň eýranly kärdeşi Hassan Rohaniniň gatnaşmagynda geçirilen şol duşuşykda iki ýurduň arasynda tussaglary ekstradisiýa etmek ylalaşygyna hem gol çekildi.

Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 18-nji fewralynda ýola goýuldy.

XS
SM
MD
LG