Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Garaşsyzlygyň 25 ýyllygyny Harby ýöriş bilen belledi


Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinden alnan surat.
Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinden alnan surat.

Şu gün irden Aşgabatda Garaşsyzlygyň 25 ýyllygy mynasybetli dabaraly Harby ýöriş geçirildi. Ozalky prezident köşgüniň öňündäki meýdançada geçirilen bu dabarany prezident Gurbanguly Berdimuhamedow kabul etdi.

Bu harby ýörişe Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümi bilen bir hatarda, ýokary okuw jaýlarynyň, ýokary klas mekdep okuwçylarynyň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň müňlerçesi gatnaşdy.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde göni ýaýlymda görkezilen bu dabaranyň soňunda prezident Berdimuhemedowa “öz egindeşleriniň” adyndan diýlip, 2014-nji ýylda doglan gyr reňkli “Baýramhan” atly ahalteke bedewi hem sowgat berildi.

Şol bir wagtyň özünde, bu harby ýöriş başlanmazdan üç sagat çemesi ozal, şäheriň ýarysyndan gowragynda diýen ýaly transport gatnawy doly ýatyrylyp, adamlaryň hereket etmek mümkinçiligi çäklendirildi.

Jemgyýetçilik transport gatnawlary bökdedi

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, paýtagtyň gyrak-bujak sebitlerinde – 11-nji mikroraýonda we Berzeňňi massiwinde – transport gatnawlary belli bir derejede kadaly bolsa-da, şäheriň merkezi köçeleri, ýagny Görogly, Bitaraplyk, Garaşsyzlyk, Türkmenbaşy şaýoly we olar bilen sepleşýän käbir köçeler dolulygyna ýapyldy.

Bu ýagdaý adamlaryň gatnawyna, şol sanda jemgyýetçilik transportyna ýiti täsirini ýetirip, munuň netijesinde käbir adamlar ir ertirden gitmeli ýerine wagtynda gidip bilmediler.

“[Dabaralar] jemgyýetçilik transportuna gaty ýiti täsir ýetirdi. Hatda awtoulaglaryň gatnawy seýrekledi. Şäheriň çet gyralaryndan ýöreýän awtobuslar gatnap dur. Ýöne şäheriň merkezinden geçýän awtobuslar ir ertirden başlap ýöremediler. Onsoň öz awtoulaglary bilen hem gitjek ýerine gidip bilmän, yzyna dolananlar hem boldy. Şu gün şunuň bilen bagly zerury işi bolmadyk adamlar köçä çykmadylar. Sebäbi [adamlar] transport gatnawynyň ýokdugyny, köçeleriň ýapykdygyny bilýärler” diýip, Aşgabatdaky habarçymyz Soltan Açylowa gürrüň berdi.

Taýýarlyklar üç aý öňünden başlady

Garaşsyzlygyň 25 ýyllygy mynasybetli düýn paýtagtyň “Aşgabat” stadionynda hem konsert dabarasy geçirilip, onda ýurduň dürli welaýatlaryndan gelen medeniýet işgärleri çykyş etdiler. Oňa paýtagtyň medeniýet işgärleri bilen bir hatarda, ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň, ýokary klas okuwçylarynyň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň müňlerçesi gatnaşdy.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara görülýän taýýarlyklara mundan tas üç aý öňünden başlanypdy.

Munuň bilen baglylykda, paýtagtyň dürli künjeginde, şol sanda ozalky “Lokomatiw”, häzirki “Dagdan” stadionynda “marşirowkalar” geçirilip, oňa döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri, ýokary okuw jaýlarynyň talyplary we mekdep okuwçylarynyň ýüzlerçesi gatnaşdyrylypdy.

Şeýle-de, bu “marşirowkalaryň” netijesinde ençeme döwlet edara-kärhanalarynda we mekdeplerde iş we okuw tas doly diýen ýaly ýatyrylypdy.

Döwlet býujetinden aýlyk alýan käbir işgärleriň bolsa, giçlik sagat 16:00-da işden çykyp, agşam sagat 20:00-ä çenli taýýarlyk çärelerine mejbury gatnaşmaly bolýandyklary habar berlipdi.

Mundan ençeme aý ozal, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlygyň 25 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyklaryň ýokary derejede bolmalydygyny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG