Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Gurluşyk normalaryny bozanlara ortaça aýlygyň 100 essesine çenli jerime salynýar


Aşgabatda goşmaça otagy ýykylan ýaşaýjy.
Aşgabatda goşmaça otagy ýykylan ýaşaýjy.

Türkmenistanyň Administrwatiw hukuk bozmalary hakyndaky kodeksine düzedişler we goşmaçalar girizilip, onda gurluşyk normalaryny bozan raýatlara we ýuridiki taraplara garşy pul jerimesiniň salynjakdygyna güwä geçilýär.

Şu ýylyň 15-nji oktýabrynda geçirilen hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol goýan bu kanuny 21-nji oktýabrdan başlap güýje girdi.

Bu kodeksiň 180-nji maddasynyň yzyna täze iki madda goşulyp, Türkmenistanda jaýlar bina edilende, düýpli abatlaýyş we rejeleýiş işleri geçirilende ýol berilýän düzgün bozmalara goşmaçalar we düzedişler girizildi.

Bu düzgün bozmalara ýol beren raýatlara we ýuridiki tarplara ýurtdaky ortaça aýlygyň 10 essesinden tä 100 essesine çenli jerime salynjakdygy agzalýan kodeksde bellenilýär.

Goşmaça gurluşyklar

Türkmenistanyň administratiw hukuk bozmalary hakyndaky kodeksine girizilen bu düzedişler we goşmaçalar ýurtda ýaşaýyş jaýlaryna goşmaça gurlan gurluşyklaryň tas ählisiniň diýen ýaly ýykylan mahalyna gabat geldi.

Mälim bolşy ýaly, soňky üç ýyla golaý wagt bäri Aşgabadyň häkimiýetleri raýatlaryň öz ýaşaýyş jaýlarynyň gapdalyndan guran we il içinde “pristroýka” diýlip atlandyrylýan goşmaça otaglaryň “bikanundygyny” aýdyp, olaryň müňlerçesini ýykdylar.

Şol bir wagtyň özünde, “pristroýkasy” ýykylan adamlaryň aglaba bölegi bolsa, özleriniň salan gurluşyklarynyň şäher, etrap derejesindäki administratiýanyň rugsady esasynda gurlandygyny we onuň üçin ýörite jaý tölegini eýýäm ençeme ýyl bäri töläp gelendiklerini aýtdylar.

Ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlara görä, garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda, hususanda Aşgabatda täze köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýüzlerçesiniň gurulýandygyna garamazdan, maşgalalaryň ençemesi jaý ýetmezçiliginden kösenýärler.

Halk üçin ‘niýetlenmedik’ jaýlar

Käbir synçylaryň aýtmaklaryna görä, munuň sebäbi ýurtda gurulýan täze jaýlaryň bahasynyň aşa gymmatlygy we onuň köplenç “öňünden kesgitlenen” döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerine satylýandygy bilen baglanyşykly.

“Birnäçe beýik-beýik etaž jaýlar guruldy. Olar daşyndan seredeniňde, halk üçin gurlan ýaly, emma ol jaýlaryň gurulmagy biznes bilen bagly bolup durýar. Olar Aşgabadyň halky üçin niýetlenen jaýlar hem däl. Sebäbi olar “pylan ministrlik, pylan edara gurdy” diýlip, şol edaranyň içindäki birnäçe adama paýlanýar. Sebäbi şol jaýa girýän adamlar ýurtdaky sistemanyň syýasatyny güýç bilen ýöredýän adamlar. Şolara “sag bolsun” diýen ýaly edip paýlaýarlar. Türkmenlerem artýan maşgalasyna çykalga gözläp başladylar. ‘Pristroýka’ meselesi şunuň netijesinde döredi. Halka zerur bolany sebäpli döredi” diýip, Türkmenistanyň ýurt daşynda döredilen «Hereket» hereketiniň başlygy Akmuhammet Baýhanow aýtdy.

Düzedişler we goşmaçalar

Täze 180/1-madda bäş bentden ybarat bolup, olarda jaýlar bina edilende, gurluşyk materiallaryny ulanmakda hem-de ozal tassyk edilen proýektlerden çykyp, abatlaýyş we rejeleýiş işleri geçirilende ýol berilýän administratiw çäreler barada gürrüň edilýär.

1-nji bent: Eger fiziki tarap jaýlarda düýpli abatlaýyş ýa-da doly rejeleýiş, remont işleri geçirilende, düzgün bozmalara ýol beren bolsa, onda raýata ýurtdaky ortaça aýlygyň 10 essesinden 20 essesine çenli jerime salynýar;

2-nji bent: Eger-de ýokarda agzalýan düzgün bozmalar gurluşyk edarasynyň ýolbaşçysynyň günäsi bilen amal edilen bolsa, onda oňa ýurtdaky ortaça aýlygyň 20 essesinden 30 essesine çenli jerime salynýar;

3-nji bent: Eger-de jaýlar bina edilende ýa-da abatlaýyş işleri geçirilende, döwlet edaralary tarapyndan rugsat alynmadyk bolsa hem-de şol dilden alnan rugsat resmi kagyzlar arkaly tassyk edilmedik bolsa, onda bu düzgün bozmalara ýol beren raýata ýurtdaky ortaça aýlygyň 10-dan 20 essesine çenli, wezipeli adamlara 20-den 30 essesine çenli, ýuridiki taraplara, ýagny edara-kärhanalara 30-dan 50 essesine çenli jerime salynýar;

4-nji bent: Jaýlar bina edilende arhitektura planlaýyş işlerinde administratiw hukuk bozmalara ýol berlen bolsa, onda raýata ýurtdaky ortaça aýlygyň 10-dan 20 essesine çenli, wezipeli adamlara 20-den 30 essesine çenli, ýuridiki taraplara, ýagny edara-kärhanalara 30-dan 50 essesine çenli jerime salynýar;

Bu maddanyň bäşinji bendinde bolsa, ýokarda agzalan düzgün bozmalar gaýtalanyp edilen bolsa, onda raýatlara, wezipeli adamlara we ýuridiki taraplara salynýan jerimäniň möçberi öňküsinden telim esse artdyrylýar.

XS
SM
MD
LG