Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly türkmenler Türkmenistanda dynç almak isleýär


 "Mekan" köşgi.
"Mekan" köşgi.

Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 19-njy maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň anna güni, 14-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Prezident Berdimuhamedow Aşgabadyň «Mekan» köşgünde geçiriljek maslahata görülýän taýýarlyk baradaky hasabaty diňläp, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň birleşdiriji ähmiýetini belledi diýip, döwlet telewideniýesi aýtdy.

Şeýle-de prezident Berdimuhamedow «dünýäniň dürli künjeklerinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenler bilen ynsanperwer, medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini» belledi.

Emma muňa garamazdan, dünýäniň dürli ýerlerinde, şol sanda goňşy Eýranda we Owganystanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenler Türkmenistana barmak üçin wiza almakda uly kynçylyk çekýändiklerini aýdýarlar.

Azatlyk radiosynyň «Dünýä türkmenleri» gepleşiginiň nobatdaky sany daşary ýurtlardaky etniki türkmenleriň taryhy watanlaryna baryp dynç alyp bilmek mümkinçiliklerine we bu ugurda çözülmegine umyt baglanýan meselelere bagyşlandy.

Eýranly türkmenler Türkmenistanda dynç almak isleýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

XS
SM
MD
LG