Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Garri Potter" kitabynyň dowamy hem bestseller boldy


“Garri Potter” kitabynyň dowamy bolan "Garri Potter we gargyşly çaga" atly kitabyň daş keşbi. 2016 ý.
“Garri Potter” kitabynyň dowamy bolan "Garri Potter we gargyşly çaga" atly kitabyň daş keşbi. 2016 ý.

Ýazyjy Joanne Rowlingiňň “Garri Potter” (Harry Potter) eseriniň nobatdaky sekizinji kitaby "Garri Potter and the Cursed Child", ýagny "Garri Potter we gargyşly çaga" ady bilen Britaniýada 31-nji iýulda satuwa çykaryldy.

Britaniýanyň meşhur "Waterstones" atly kitap firmasynyň 140 dükanynda täze kitaba bagyşlanyp ýörite üýşmeleň gurnaldy. Habar berlişine görä, dünýäniň dürli ýurtlarynda kitap dükanlary “Garri Potter” eserinden bu täze kitaby satyp başlamak üçin 30-dan 31-nji awgusta geçen gijesi dükanlaryny ýapman, gijeki düzgünde işläpdirler.

"Waterstones" atly kitap firmasynyň jogapkär işgäri BBC-ä beren beýanatynda şeýle diýýär: "Bu kitap bilen baglanyşykly öňünden alan sargytlarymyzyň sany alty görkezijili ululykdyr. "Garri Potter" seriýasyndan çykan soňky kitapdan soň biz onuň dowamy beýle rekord derejede satylar öýtmändik. Biz bu kitabyň şu wagta çenli iň köp satylan kitabymyza öwrülmegine garaşýarys".

Kitap satýan firmanyň "Piccadilly" atly köçede ýerleşýän dükanyndaky nobatlar ýüzlerçe metre çenli baryp ýetipdir we nobatlar ençe sagatlap dowam edipdir. "Garri Potteriň" muşdaklary ençeme sagat öňünden dükanyň açylmagyna onuň gapysynda garaşypdyrlar.

Ýatlap geçsek, 23-nji iýulda Londonda "Garri Potter we gargyşly çaga" atly eser teatrda sahnada goýuldy.

1997-nji ýyldan başlap 7 tomy çapdan çykan "Garri Potter" seriýasyna degişli kitaplar şu wagta çenli 450 million tiraž bilen satylypdyr. Kitap esasynda surata düşürilen kinofilmlerden, umuman alanyňda, 7 milliard dollar girdeji gazanylypdyr.

XS
SM
MD
LG