Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Suw ýetmezçiligi zerarly ýeterlik hasyl bolmaýar”


Kärendeçi zenan.
Kärendeçi zenan.

Iýul aýynyň başynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna eden saparynyň çäginde welaýatyň ençeme häkimini, olaryň orunbasarlaryny işden boşatdy ýa-da käýinç berdi.

Bu resmiler, ozalky mejlislerde bolşy ýaly, sosial pudaga, ýollara, köprülere, elektrik, suw, gaz bilen üpjünçilige, zeýkeşleriň arassalanmagyna, ýer dolanyşygyna, ykdysady ösüşe we beýlekilere talabalaýyk gözegçilik etmezlik ýaly umumy aýyplamalarda aýyplandy.

Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy öz etrabynyň ýaşaýjylarynyň agyz suwuň gytçylygyndan kösenýändigini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Müsür obasyndan Hallygözel bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:42 0:00

XS
SM
MD
LG