Türkmenistan Owganystan bilen arasyndaky serhet araçägini berkidip başlady. Bu barada Günbatar Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Hyrat welaýatyndaky "Torgundy" serhet araçäginiň resmisi aýdýar.
Adynyň efirde agzalmazlygyny soran türkmen-owgan serhet geçelgesiniň işgäri Türkmenistanyň öz serhetýakasyna tikenli simleri dikip başlandygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Bu barada Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky habarçysy Şaýymerdanguly Myrady ýörite maglumat taýýarlady.