Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident sebäpli petiklenen ýollar


Türkmenistanyň prezidentiniň Lebap welaýatynyň merkezi şäherine edýän sapary bilen baglylykda häzirki wagtda Türkmenabadyň köçeleri belli bir derejede göçülen ýurdy ýatladýar.

Şäherde howpsuzlyk işgärleriniň ulaglaryndan başga hiç hili maşyn hereketi ýok, pyýadalara bolsa Türkmenabadyň esasy köçeleriniň biri bolan Bitarap Türkmenistan köçesinden geçmäge rugsat berilmeýär. Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda ak köýnekli harby formadaky polisiýanyň ýol gözegçilik işgärleri bilen birlikde gara penjekli, galstukly, elleri rasiýaly howpsuzlyk işgärleri ähli hereketi duruzýarlar.

Bitarap Türkmenistan köçesi bilen Akdepe, Ärsary baba köçelerindäki ýagdaý hem meňzeş. Bu agzalýan köçeleriň Bitarap Türkmenistan köçesi bilen ugurdaş bolanlygy sebäpli ýapylandygy aýdylýar.

Onsoň häzirki wagtda alnyp barylýan howpsuzlyk çäreleri bilen bagly şäheriň protokol köçesi diýlip hasaplanylýan Bitarap Türkmenistan köçesi bilen birlikde oňa goşulýan köçeleriň hem ählisi ýapyldy.

Iki köçäniň arasyndaky ýaşaýjylar bolsa öz ulaglaryny öýünden takmynan 200-300 metr uzaklykda goýup gitmeli bolýarlar. Ýa bolmasa, ýapyk köçelerden geçip bilmän, ýollaryň açylaryna garaşyp oturmaly bolýarlar. Edil sürüjiler ýaly, pyýadalar hem ýoldan geçip bilmän, jaýlaryň we beýleki binalaryň kölegesinde yssydan goranyp, ýollaryň açylaryna garaşmaly bolýarlar.

Bu ýagdaýlar häzirki wagtda Türkmenabada prezident G.Berdimuhammedowyň gelmegi bilen bagly görülýän howpsuzlyk işgärleriniň garamagyna berlen şäherdäki emele gelen ýagdaý. Bu çäre daňdan sagat 5-lerde prezidentiň geçjek ýolunyň golaý-goltumyndaky köçelerde goýlan ulaglaryň ählisini jaýlaryň arkasyna geçirmek talap edilip, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy tarapyndan sirenaly gaty ses bilen ulag eýelerini turzup geçmek bilen başlandy.

Köçeleriň ýapylmaklygy adaty türkmenabatlylar üçin birgiden kynçlyklary döredýär. Häzirki wagtda öýüne aşyp bilmän we ulagyny taşlap gidip bilmedik sürüjileriň polisiýanyň ýol gözegçilik işgärlerinden öýlerine geçirmeklerini haýyş edip duran pursatlaryny häli-şindi görmek bolýar. Emma olaryň haýyşyny kanagatlandyryp bilmeýän ýol gözegçilik gullugynyň işgärlerine sürüjilere geçmek bolmaýandygyny düşündirmekden başga çäre galmaýar.

“Men öýüme geçip bilmän, eýýäm bir-iki sagatdan bäri garaşyp otyryn, emma häzirki wagtda bu ýoldan prezident geçmeýär ahyryn. Tiz-tizden geçirseler, öýüme girip, şu günüň dowamynda hiç hili daşary çykjak däl. Emma buýruk bar diýip, bizi geçirenoklar” diýip, 40 ýaşlaryndaky türkmenabatly Baýram aýdýar.

Baýramyňky ýaly ýagdaýlara pyýadalaryň hem duş gelýänini görmek bolýar. Ýöne welin sürüjiler bilen tapawutlylykda öýländen soňra ýoldan geçmek üçin toplanan pyýadalary, nähili bolsa-da, käbir ýerlerde tizden geçirip duransoňlar, garaşyp duran pyýadalara duş gelmek ertir irdenki ýagdaý bilen deňeşdirilende, seýrek gabat gelýän ýagdaý diýse boljak.

Şeýle-de häzirki wagtda köçede galan adamlary gyzyklandyrýan esasy mesele – - bagly ýollaryň haçan açyljakdygy hakdaky soragdyr. Käbir türkmenabatlylaryň Azatlyk Radiosyna aýtmaklaryna görä, ýoluň ugrundaky howpsuzlyk işgärleri adamlaryň bu soragyna anyk jogap berip bilmän, diňe “açylar, açylar” diýip köşeşdirmek bilen çäklenýärler.

Bu ýagdaý adamlary hernäçe köseýän-de bolsa, prezidentiň Türkmenabada gelmegi bilen bagly görülýän adaty çäreler hasaplanylýar. Emma geçen gezekler bilen deňeşdirlende, häzirki wagtda protokol köçesine seredip duran balkonlaryň içinden görünýän hojalyk materiallaryny aýyrmaklyk, ýa bolmasa penjireleri ýapmak talaby bilen bagly goşmaça kynçylyklar ýok diýerlik.

Munuň hem protokol köçesinde ýaşaýanlar üçin kiçi hem bolsa, gowy täzelikdigini adamlaryň özara gürrüňlerinden duýsa bolýar.

Bu gün prezident Berdimuhamedow Türkmenabada geldi. Onuň häzirki wagtda, welaýat häkimiliginde ýygnak geçirenden soň, öňden bellenen plana görä, öz aýlanmaly obýektlerine gidendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG