Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä şäherlerinde Trampa garşy ýöriş geçirildi


Adamlar topar-topar bolup, Trampa garşy ýörişe goşuldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:22 0:00

Uly mähelleler Trampa garşy global ýörişe toplandy

21-nji ýanwarda dünýäniň çar künjündäki şäherlerde ýüz müňlerçe adam, ABŞ-nyň Waşingtonda täze inagurasiýa edilen prezidenti Donald Trampa garşy gurnalan «Aýallar ýörişine» goldaw bildirmek üçin köçelere proteste çykdy.

Waşingtondaky esasy demonstrasiýada adamlaryň uly mähellesi awtobuslar, otlular we ýeňil maşynlar bilen ýurduň çar künjeginden gelip, şäher merkezine toplandy.

Bu çärede çykyş edýänleri diňlemek üçin üýşen adamlara göz aýanyňda, ýörişe çykanlaryň köpüsiniň ýiti mämişi reňkli başgap geýendigine gözüň düşýär.

Çykyş edenleriň biri Waşingtondaky çärä 500 müň adamyň toplanandygyny aýtdy, emma bu aýdylýany garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklap bolmady.

«The Associated Press» habar gullugynyň öýleden soň beren habaryna görä, Waşingtonda planlaşdyrylan ýörişiň esasy geçjek ýerini dolduran adam mähellesi guramaçylaryň ony Ak tama tarap ugrukdyrmagynyň öňüni alypdyr.
Emma guramaçylar soň barybir ýörişiň dowam etdiriljekdigini aýtdylar.

Polisiýanyň we gizlin howpsuzlyk gullugynyň wekilleriniň gyrada durmagy bilen, protestçiler ahyrynda Ak Tamyň bir blok golaýyna gelmegi başardylar. Bu ýerde olar öňlerinde goýlan demir päsgelçilikler sebäpli saklanmaly boldular.

Waşington polisiýasy agşamara ýöriş bilen bagly tussag edileniň bolmandygyny aýtdy.

Demonstrasiýaçylar Milli meýdançada toplanýan mahaly Tramp özüniň prezidentliginiň ilkinji doly gününe Waşingtondaky Milli katedralda doga okaýyş çäresine gatnaşmakdan başlady.

Trampyň ulag kerweni Ak tama tarap yzyna gaýdanda, ol protestçileriň uly toparlarynyň birnäçesiniň gapdalyndan geçdi we prezidentiň bu bolýan zatlary görmezligi mümkin däldi.

Meşhur estrada ýyldyzy Madonna Waşingtondaky proteste garaşylmadyk ýerden goşuldy we iki sany aýdym aýdyp, Trampyň inagurasiýasyny «bu aýylganç pursat» diýip häsiýetlendirdi.

Madonna özüniň kabel telewideniýesi arkaly göni alnyp görkezilen çykyşynda Trampa garşylygyny nygtamak üçin birnäçe gaharly söz hem ulandy.

Dokumental kinoçy Maýkl Mur adamyň beýle kän toplanmagyna haýran galandygyny aýtdy.

Mur soňra demonstasiýaçylary özleriniň Kongresdäki wekillerine gündelik tertipde telefon edip durmaga çagyrdy.

Feminist aktiwist Gloria Steinem Trampyň twitterdäki sosial media aktiwligini we özüniň ABŞ Tramyň prezidentligi astynda täze harby konflikte goşulmasyn diýen aladasyny ýaňzydyp, demonstrasiýaçylara «twitter barmagynyň mäşe barmagyna öwrülmek» ähtimallygyny duýdurdy.

Waşingtonyň ýaşaýjysy we protestçi Sheil Tolbert 21-nji ýanwarda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde «Aýallar yza çekilmek islemeýär. Şu sebäpden biz şu ýerde» diýdi.

Amerikan paýtagtyna gelýän demonstrasiýaçylaryň aşa körlüginden ýaňa Waşingtonyň metro sistemasy adam hyryn-dykyn bolup, 21-nji ýanwarda ýerli wagt bilen öýlän sagat 597,000 ýolagçy hasaba alyndy.

20-nji ýanwarda, Trampyň inagurasiýa edilen güni şol wagt 368,000 ýolagçy hasaba alnypdy.

Guramaçylar ilki Waşingtonda ir sagat 10-da başlanýan ýörişe 200 müň adamyň, dünýäniň beýleki şäherlerinde bolsa 2 milliondan gowrak protestçiniň gatnaşmagyna garaşýandyklaryny aýtdylar.

Olar öz sesleriniň Tramp adminstrasiýasy tarapyndan, 20-nji ýanwardaky inagurasiýadan soň, olaryň birinji doly gününde eşidilmegini isleýändiklerini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG