Sepleriň elýeterliligi

Türkmenabat: Et söwdagärleri sowadyjysyz kösenýär


ebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki “Gök bazarynda” et satylýan pawilionlar.

ebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki “Gök bazarynda” et satylýan pawilionlar.

Şu günler, tomsuň jokrama yssy günlerinde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki “Gök bazarynda” et söwdasyny edýän söwdagärler kyn ýagdaýy başdan geçirýärler. Onuň sebäbi bazaryň esasy et pawilionlaryndaky sowadyjy enjamlaryň talabalaýyk işlemeýänliginden we bu bökdençlik, dogrusy, indi birnäçe ýyl bäri her tomus gaýtalanyp gelýär.

“Gök bazarynda” et söwdasyny edýän söwdagärleriň aýtmagyna görä, Türkmenabatda gündizki yssy 40 gradusa çenli ýetýän häzirki günlerde et täzeligine, ýagny mal soýlan güni satylyp gutarmasa, yssy onuň hiline täsir edýär, et derrew könelip, tagamy gaçýar. Bu bolsa, satyja-da, alyja-da zyýan. Söwdagärleriň gazanjy hem ep-esli pese gaçýar.

Türkmenabadyň “Gök bazaryndaky” et pawiliony şäheriň iň uly elin et satylýan ýeri diýlip hasaplanylýar. Bu ýerden, islege görä, goýun, sygyr we towuk etlerini satyn alyp bolýar. Agzalýan pawilionda 20-den gowrak et söwdagäri işleýär.

Et dükanlary üçin bazarda aýratyn şertler göz öňünde tutulypdyr, onda sowadyjy enjamlaryň gurulmagy-da şol çäreleriň biri. Emma et pawilionlarynda zerur temperaturany saklamak üçin goýlan alty split sowadyjylarynyň häzirki wagtda diňe üç sanysy işleýär. Munuň bolsa göz öňünde tutulan talaby ödäp bilmeýändigi aýdylýar.

Bu ýagdaý ýylyň-ýylyna gaýtalanyp gelýär

“Et pawilionynyň içi howa gyzanda daşarynyň howasyndan o diýen tapawut etmeýär. Bu ýagdaý bolsa, pawilionda sowadyjylaryň ýetmezçilik edýändigi bilen bagly. Et satylýan ýerleriň, sanitar normalaryna görä, içi salkyn bolmaly, biziň işleýän ýerimiz bolsa bu talaplara gabat gelmeýär. Içinde bir-iki gezek paltany göterip et çapsaň, eýýäm gara der bolýaň. Pawilionyň içi 30 gradusdan ýokarda” diýip, 45 ýaşlaryndaky gassap Joraguly gürrüň berýär.

Ýeri gelende bellesek, “Gök bazardaky” et dükanlary bazaryň administrasiýasy tarapyndan söwdagärlere kireýine berilýär. Söwdagärleriň aýtmagyna görä, et pawilionlary bazar administrasiýasy tarapyndan sowadyjylar bilen üpjün edilmeli bolsa-da, bu düzgün berjaý edilmeýär.

Et pawilionlarda sowadyjylaryň ýetmezçiligi bilen bagly döreýän kynçylyklar bu bazarda ýylyň-ýylyna gaýtalanyp gelýär. Bu barada bazar administrasiýasyna ençeme gezek şikaýat edilendigine garamazdan, ýagdaý öňküligine galýar diýip, et dükançylar gürrüň berýärler.

40 ýaşlaryndaky gassap Azamat bu barada şeýle diýýär: “Bazar administrasiýasyna şu mesele boýunça her tomus ýüz tutýarys. Ýöne olar her gezeginde, “gurnap bereris” diýip, wada berýärler. Olaryň wadasynyň netijesi bolmaýar”.

Dükan kireýleri gymmatlaýar

Şol bir wagtyň özünde-de söwdagärlere eýeleýän ýerleri üçin her aýda tölemeli töleg doly töledilýär. Olaryň ýer üçin arenda tölegi-de, bazardaky beýleki dükanlar bilen deňeşdirilende, ep-esli ýokary. Bu ýer üçin arenda töleginiň bahasy hem ýylda göterilýär. Meselem, geçen ýyl et söwdagärleri ýer üçin 700 manat töweregi tölän bolsalar, bu ýyl eýýäm ol nyrh 100 manat töweregi gymmatlap, 800 manada ýetdi.

“Biz 2-3 metr ýer üçin her aýda bazara 800 manat töleýäris. 3-4 aýyň girdejisini şu et pawilionyna sarp etseler, güýçli split kondisionerleriň ulusyndan her künjege birini goýup bolýar. Bu diňe 3-4 aýlyk girdejini sarp etmeklik bilen çözler” diýip, 40 ýaşlaryndaky Resul aýdýar.

Galyberse-de, etçiler bazara yzygiderli aýlanyp duran barlagçylaryň üns merkezinde. Barlagçylar etiň hiline seredýärler, arassaçylyga we dükanyň içiniň temperaturasyna, etiň saklanyş sanitar normalaryna seredýärler.

Käbir et söwdagärleriniň aýtmagyna görä, barlagçylar hökümet eýeçiligindäki bazar administrasiýasy tarapyndan üns berilmeýänligi zerarly işlemän duran sowadyjylar bilen o diýen gyzyklanmaýarlar. Olaryň jerime bilen gorkuzyp, söwdagärlerden et alyp gitmegi adata öwrülen ýagdaý diýip, et söwdagärleriniň käbirleri gürrüň berýärler.

Häzirki wagtda Türkmenabadyň bazarlarynda bir kilogram uly malyň elin etiniň bahasy 18 manat.

XS
SM
MD
LG