Sepleriň elýeterliligi

Türkmenabat: Gije 11-den soň köçä çykmak bolmaýar


Türkmenabatdaky polisiýa işgärleri.

Türkmenabatdaky polisiýa işgärleri.

Şu günler Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň köçelerinde polisiýanyň patrul, ýagny gözegçilik gullugynyň maşynlary köpelip, indi ýaşaýjylardan gije sagat 10-11-den soň öz öýlerine girmek talap edilýär.

Türkmenabadyň kiçi etrapçalarynyň ählisinde diýen ýaly aýlanýan bu çal reňkli we öň gapylarynda Türkmenistanyň gerbi çekilen, gapdalynda-da “Polisiýa” diýlen ýazgyly we depesi gyzyl-gök reňkdäki çyraly bu resmi ulaglary beýleki transport serişdelerinden tapawutlandyrmak aňsat.

“UAZ – 69” ýa-da “UAZ PATRIOT” kysymly bu maşynlary türkmenabatlylaryň ählisi, gözi görenden tanaýan bolsa gerek. Oňa il arasynda “patrul maşynlary” ýa-da “katalaşka” diýip at berýärler. Bu maşynlardaky polisiýa işgärleriniň käbiriniň aýtmagyna görä, olar agşam Gün batandan tä daňdana çenli, asudalygy goramak maksady bilen şäheriň içinde nobatçylyk çekýärler.

Emma soňky birnäçe hepdäniň dowamynda bu maşynlarda aýlanýan polisiýa işgärleri şäheriň asudalygyny goramakdan daşgary, agşam sagat 10-11-den soň köpgatly jaýlaryň daşynda we howlularynda öz goňşy-golamlary bilen gürleşip oturan ýa-da duran türkmenabatlylardan öýlerine girmegi talap edip başladylar.

Soragyň jogaby kanagatlandyrmasa, onda...

“Men goňşularym bilen köçäniň gyrasynda otyrdym. Birden çatrykdan polisiýa maşyny aýlanyp, ýanymyza gelip durdy-da, ‘Näme işläp otyrsyňyz? Dawaý, öýli-öýüňize dargaň’ diýdi. Turup gaýdyşanymyzy göreninden soňra, [ol] öz ýoluna ugrady” diýip, 35 ýaşlaryndaky türkmenabatly Babajan gürrüň berýär.

Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde Babajan: “Köçämiziň oglanlary bilen gürleşip oturmagyň näme aýby barka?” diýen soragy goýýar.

Gijelerine Türkmenabadyň köçelerinde aýlanýan polisiýa işgärleriniň diňe öz goňşy-golamlary bilen oturan adamlary däl, eýse, gije öz işi bilen gidip barýan adamlary saklaýan pursatlary hem seýrek däl.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan türkmenabatlylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, polisiýanyň işgärleri gije saklaýan adamlaryna “Nirä barýaň?”, “Gijäň bu wagtynda näme işläp ýörsüň?”, “Içgilimi ýa ýok?”, “Dokumentiň barmy?” diýen soraglary berýärler. Eger-de ötegçileriň beren jogaby polisiýa işgärlerini kanagatlandyrmasa, onda olar gönümel polisiýa bölümlerine alnyp gidilýär.

“Mün maşyna...”

“Men gijeki otly bilen Mara gitmekçi bolup, ýola çykdym. Uly ýola baryp, taksi tutaýyn diýip ýöräp barýarkam, bir polisiýa maşyny saklandy we ondaky polisiýa işgärleri meniň gije näme işläp ýörenimi, nirä barýanymy we nirede ýaşaýanymy sorap başladylar. Men ýolagçydygymy düşündirenimde, menden otly biledimi soradylar. Ýogsa-da, mün maşyna diýip başladylar” diýip, 30 ýaşlaryndaky türkmenabatly Serdar öz başyndan geçen wakany gürrüň berýär.

Bu hili çäreler, göräýmäne, asudalygy saklamaga uly goşant goşýan hem bolsa, iş sagatlary gije gutarýan adamlar üçin ýa-da keselhana, dermanhana ýaly ýerlere gitmek zerurlygy bolan adamlar üçin indi uly alada öwrüldi.

“Tussaghanada sakladylar”

Polisiýanyň Gözegçilik gullugynyň gijeki işgärleri tarapyndan saklanan adamlaryň ykbaly hem dürli-dürli bolýar. Meselem, polisiýa işgärleri käbir adamlardan dilhaty alyp, öýüne goýberse, käbirleriniň hossarlaryny çagyryp, şahsyýetini tassyklaýan dokumenti getirmegi soraýarlar. Käbir türkmenabatlylar bolsa polisiýanyň bölümlerinde uzyn gije, ertesi irdene çenli, kähalatlarda hatda ertesi öýläne çenli şol ýerde saklanylýar.

“Geçen hepde gije sagat 11:40 töwerekleri meni polisiýanyň maşynlary Bitaraplyk şaýolunyň ugrunda saklap, polisiýanyň bölümine alyp gitdiler. Näme sebäpden aýlanyp ýörendigimi soradylar, gije salkyn howada gezelenje çykanyma düşünmediler. Soňra doganyma jaň edip, ondan şahsyýetimi anyklaýan resminamalarymy getirmegi soradylar. Doganym gelýänçä meni ýörite tussaghanada sakladylar. Resminamalarymy görensoňlar, dilhaty ýazdyryp, goýberdiler” diýip, 40 ýaşlaryndaky Rüstem gürrüň berýär.

Türkmenabat şäherinde dowam edýän bu çäräniň sebäpleri, munuň haçana çenli dowam etjekdigi barada ne resmi metbugatda, ne-de radio-telewideniýede halk köpçüligine maglumat berilýär. Gije sagatlarynda polisiýa işgärleriniň maşynyny gören türkmenabatlylar bolsa, gereksiz aladadan uzak durmak üçin, öýli-öýüne girmek bilen bolýarlar, ýa-da öz barjak ýerlerine uly ýollardan sowlup, aralyk köçelerden ýöräp barmaga çalyşýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG