Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda 561 raýatyň günäsi geçildi


Ykbaly näbelli tussaglar
Ykbaly näbelli tussaglar

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni nobatdaky günä geçiş kararyna gol çekdi, ýöne azatlyga çykýanlaryň arasynda hukuk toparlary tarapyndan syýasy tussag ýa wyždan ýesiri hasaplanylýanlaryň bardygy ýa ýokdugy belli däl.

Bu gezek günäsi geçilen 561 türkmen raýaty Bitaraplyk güni mynasybetli azatlyga goýberilýär. Günäsi geçilenleriň arasynda Türkmenistanda jenaýat edip, ýyl kesilen daşary ýurt raýatlarynyň hem bardygy aýdylýar.

Türkmenistanda günä geçişler Berdimuhamedow prezident bolaly bäri uly döwlet baýramçylyklaryna gabatlanyp geçirilýär. «Gündogar» habar saýty şu ýyl jemi bäş müňden gowrak tussagyň günäsiniň geçilendigini ýazýar.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow döwründe günä geçişler seýrek bolardy, ýöne her gezek müňläp tussag azat edilerdi.

Mysal üçin, metbugat maglumatlaryna görä, 2002-nji ýylyň noýabrynda, Gadyr gijesine gabatlanyp geçirilen günä geçişde 16 müňden gowrak tussag azatlyga goýberilipdi.

Prezident Berdimuhamedowyň iň uly günä geçişi, «Gündogar» habar saýtynyň ýazmagyna görä, 2007-nji ýylyň sentýabrynda, Gadyr gijesine gabat yglan edildi. Şonda 9 müňden gowrak tussag galan jeza möhletlerini çekmekden azat edildi.

Türkmenistan sebitde ilatynyň jan başyna iň kän tussagly ýurt hasaplanylýar. Ýerli aktiwistleriň we hukuk goraýjylaryň Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtmaklaryna görä, Türkmenistanda soňky 25 ýylda on müňlerçe tussagyň günäsiniň geçilmegi ýurtdaky agyr türme şertleri,türmede tussaglara ýer-jaý bolmazlygy, azyk ýetmezçiligi, anti-sanitar ýagdaýlar bilen bagly.

Emma muňa garamazdan, giň ýaýran işsizlik we beýleki sosial ýagdaýlar, şol sanda kanun goraýjy organlaryň düzümindäki korrupsiýa bilen baglylykda, türmä basylýanlaryň sanynyň azalmaýandygy aýdylýar.

Gepiň gerdişine aýdylsa, ozalky prezident Nyýazow ozalky baş prokuror Atajanowa parahorlukda tutulanda, ýurduň baş prokuraturasynyň «parahana» öwrülendigini açyk tassyk edipdi.

Türkmenistanyň sudlary garaşsyz däl we, başdan geçirenleriň sözlerinden çen tutulsa, sud edilýänler köplenç özlerine we beýlekilere garşy görkezme bermäge mejbur edilýär.

Munuň soňky mysaly, ýerli çeşmeleriň tassyklamagyna görä, Azatlyk radiosynyň Daşoguzdaky habarçysy Hudaýberdi Allaşow bolup durýar.

Şu aralykda BMG-niň Adam gynalmagyna garşy göreş komiteti resmi Aşgabadyň 2017-nji ýylyň aýagyna çenli türmede ýitenler diýilýänler barada maglumat bermegini, adam gynamakdan el çekmegini talap etdi.

Soňky bir ýylyň dowamynda S.Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän bilen bagly uzak möhletli türmä basylan ozalky resmileriň birnäçesiniň jesedi garyndaşlaryna berildi. Şol bir wagtda onlarça tussagyň soňky ykbaly belli bolman galýar.

XS
SM
MD
LG