Sepleriň elýeterliligi

Türkmenabat: “Pristroýkalar” ýykylýar


Şu günler Türkmenabadyň ençeme etrapçalary gurluşyk meýdançalaryny ýatladýar. Sebäbi mundan ozal, ýurduň käbir beýleki şäherlerinde bolşy ýaly, soňky döwürde ýerli häkimlikler Türkmenabatda hem “pristroýkalary”, ýagny sapma jaýlary ýykyp başladylar.

“Pristroykalar” esasy jaýa sapylýar. Köpgatly jaýlaryň ýaşaýjylary, eger birinji gatda ýaşaýan bolsalar, onda öz öýleriniň gabadyndan ýene bir otag ýa-da aýratyn girelge üçin gurluşyk edýärler. Şoňa-da sapma jaý ýa-da, il arasynda aýdylyşy ýaly, “pristroýka” diýilýär.

Häzirki wagtda sapma gurluşyklaryň köpçülikleýin ýykylmagynyň sebäbi barada ýerli häkimiýetler halk köpçüligine hiç hili maglumat bermeýärler. Emma şol binalar derhal aýrylmaly diýlen buýrukdan soň adamlar öz jaýlaryny özleri sökmäge mejbur bolýarlar.

“Hökümete salgyt töledik”

Ilatyň öz sapma jaýlaryny özleriniň ýykmagynyň ýene bir sebäbi bar. Ol hem, eger-de berlen möhletde ony ýykmasaň, onda ony häkimiýetleriň özleri ýykýarlar. Onsoň öý eýeleri agyr tehnika ulanylyp ýer bilen ýegsan edilen sapma jaýlaryň gurluşyk materiallaryndan, hatda betonyndanam peýdalanyp bilmeýärler.

Bu ýagdaý bolsa sapma jaýlaryň eýelerini aýratyn alada goýýar. Sebäbi olaryň käbirleri diňe bir şol jaýlaryň gurluşygy üçin çykdajy etmän, eýse bu sapma jaýlar, otaglar üçin ýyllar boýy hökümete salgyt hem töläp gelendiklerini aýdýarlar.

“Men öz pristroýkama köp çykdajy etdim. Onuň töleginem töläp gelýärdim, emma welin häzir öz jaýymy öz elim bilen ýumurmaly etdiler. Bu maňa gaty agyr degýär. Üssesine, ýene-de çykdajy, ýene-de alada bolýar” diýip, 45 ýaşlaryndaky ildeşimiz Guwanç aýdýar.

Sebäbi düşündirilmeýär

Sapmalary ýykmak üçin käbir adamlar ussa tutsa, käbirleri olary işden soň özleri sökýärler. Ýykyşlygyň oraza aýyna düşmegi bolsa, agyz bekleýän adamlar üçin goşmaça kynçylyk bolýar.

Diňe çykdajy we goşmaça zähmet däl, adamlar şol sapma jaýlaryň onlarça ýyl mundan ozal gurlandygyna garamazdan, edil häzirki gün näme sebäpden ýykylyp başlanlygyna hem düşünmeýärler.

“Men bu pristroýkany özüm gurmadym, jaý alanymda bardy. Şu güne çenli küşt diýen bolmady, indi gelip oraza aýynda ýykyň diýýärler, hemem tizden tiz aýyrmaklygy talap edýärler” diýip, Türkmenabadyň 40 ýaşlaryndaky ýaşaýjysy Arslan gürrüň berýär.

Bu kararyň sebäbi barada ýolbaşçylar halk köpçüligine hiç hili düşündiriş bermeýärler, emma ýerli häkimlikleriň, adynyň agzalmazlygy şerti bilen Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, “sapma jaýlaryň ýykylmagynyň sebäbi, olaryň il arasynda dawalara sebäp bolýandygy bilen bagly”.

“Bikanun gurlan jaýlar”

“Pristroýkalaryň uly bir bölegi bikanun gurlupdyr, şol pristroýkalaryň käbirlerinden çykýan haýatlaryň tutýan ýeri jaý eýesine degişli däl, şeýle meýdanlar käbir ýerlerde 20 metre çenli baryp ýetýär” diýip, ýerli häkimiýet resmisi gürrüň berdi.

Ýerli häkimiýetiň adynyň agzalmagyny islemedik beýleki bir işgäri bolsa, sapmalary ýykmak barada häzirki döwürde alnyp barylýan aladanyň, hut Aşgabadyň tabşyrygy bilen amala aşyrylýandygyny gürrüň berdi.

Pristroýkalaryň ýykylyşy diňe şäheriň belli bir böleginde däl, häzirki wagtda Türkmenabadyň ähli etrapçalarynda dowam etdirilýär. Paýtagt Aşgabatda bolsa, şonuň ýaly çäreler indi kän wagtdan bäri alnyp barylýar.

Ýeri gelende ýatladyp geçsek, jaý eýeleriniň käbirleri şol sapma jaýlary ýaşamak üçin ulanýan bolsa, käbirleri olary maşyn goýmak, gündelik ulanmaýan artykmaç öý esbaplaryny goýmak üçin ulanýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG