Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HPF gytçylygyň giňelmeginiň ahmaldygyny duýdurýar


Lebap welaýatynda bir dükanda goýlan bildiriş
Lebap welaýatynda bir dükanda goýlan bildiriş

Halkara pul fondunyň ekspertler topary Türkmenistana eden saparyndan soň gelen deslapky netijeleri barada pres-reliz çap etdi. Onda bu gelnen netijeleriň hökmany ýagdaýda Halkara pul fondunyň ýerine ýetiriji geňeşiniň garaýyşlaryny aňlatmaýandygy bellenilýär.

Jenap Martin Sommeriň ýolbaşçylygynda şu ýylyň 1-nji dekabryndan 6-njy dekabryna çenli aralykda Aşgabada edilen saparyň dowamynda ýurduň makroykdysady we maliýe ýagdaýlaryna syn edildi, uly derejeli hökümet resmileri, diplomatik jemgyýetçilik bilenýüzbe-ýüz bolnan ykdysady kynçylyklar we ileri tutulmaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, beýanatda aýdylýar.

Jenap Sommeriň missiýadan soňky beýanatynda Türkmenistana beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryndaka çalymdaş amatsyz ýagdaýlaryň täsir ýetirmeginiň dowam edýändigi aýdylýar.

Ekspertler toparynyň gelen netijelerine görä, nebit- gaz nyrhlarynyň yzygiderli aşak gaçmagy goşmaça çäreleriň görülmegini talap edýär. Daşarky faktorlaryň täsiri netijesinde, ýurt içinde nebit-gaz pudagyndan beýleki ugurlara maliýe goldawynyň berilmegi, gurlyş syýasatlarynyň üýtgedilmegi we diwersifikasiýa üns berilmegi ýaly çärelere garamazdan, Türkmenistanyň umumy ykdysady ösüşi haýallady diýip, beýanatda bellenilýär.

Şeýle-de beýanatda, import edilýän harytlaryň öwezini doldurýan ýerli harytlaryň öndürilmegi we eksport edilmegi, jemgyýetçilik çykdajylaryny azaltmak barada görülýän çärelere garamazdan, energiýa söwdasyndan alynýan girdejileriň peselmegi netijesinde, häzirki pul ýetmezçiliginiň düýpli giňelmeginiň ahmaldygy aýdylýar.

Ekspertleriň pikirlerine görä, türkmen häkimiýetleri öňden duran synaglary ýeňip geçmek üçin birnäçe ugurda işjeň çäreleri gördüler. Olar 2015-nji ýylyň ýanwarynda manadyň hümmetini peseltdiler, inwestisiýa we subsidiýa harajatlaryny kemeltdiler, ýerli önümleri köpeltmek ugrundaky tagallalary güýçlendirdiler.

Bu işler nebit-gaz pudagyna täze strategiki inwestisiýalary gönükdirmek, şeýle-de ýerli biznesmenlere maliýe kömegini bermek bilen edildi diýip, Halkara pul fondunyň Aşgabatda bolan missiýasynyň beýanatynda aýdylýar.

Azatlyk radiosynda yzygiderli habar berlişi ýaly, Türkmenistanda nebit-gaz nyrhlarynyň global arzanlamagy bilen başlanan ykdysady kynçylyklar gitdigiçe ýaýbaňlanyp, bank-maliýe ulgamyndaky çäklendirmeler, manat we dollar gytçylygy, soňra daşardan gelýän harytlaryň azalmagy we bazarlardaky önümleriň barha gymmatlamagy bilen utgaşdy.

Halkara pul fondunyň ekspertlerinden tapawutlylykda, ýerli synçylar türkmen ykdysadyýetiniň kynçylyklaryny daşarky faktorlara garanda, esasan içerki faktorlar, giň ýaýran korrupsiýa, döwlet monopoliýasy bilen baglanyşdyrýarlar.

Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolýan ýerli synçylaryň köpüsiniň, şol sanda aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň pikirine görä, ýurtda azyk önümleriniň ýeterlik öndürilmezligi we bazarlarda dörän gytçylyk we gymmatçylyk türkmen daýhanyna ýeriň, erk-ygtyýaryň berilmezligi bilen hem bagly.

Ikinji tarapdan, ýerli synçylar ýurt serişdesiniň köp böleginiň daşary ýurtlardan çagyrylan firmalara we önümçilik we ykdysady manysy bolmadyk proektlere harçlanandygyny, ýerli biznesiň bolsa uzak ýyllar gysylandygyny aýdýarlar.

Ýazyjy Bugaýewiň pikirine görä, Türkmenistanda ýerli biznesiň öňündäki esasy bökdençlik, döwlet monopoliýasyndan başga, döwletiň goldamagynda döredilen Senagatçylar we telekeçiler birleşigi, bu gurama bilen adybir partiýa bilen bagly.

Halkara pul fondunyň Türkmenistanda bolan missiýasynyň beýanatynda indiki duşuşygyň 2017-nji ýylyň mart aýynda geçirilmeli edilendigi aýdylyp, türkmen häkimiýetlerine myhmansöýerligi we konstruktiw maslahat üçin sagbolsun aýdylýar.

XS
SM
MD
LG