Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabat: Azyk gymmatlaýar


Türkmenabadyň "Gök bazarynda" söwda-satyk edýän zenanlar.
Türkmenabadyň "Gök bazarynda" söwda-satyk edýän zenanlar.

Şu günler Türkmenabadyň bazarlarynda azyk harytlary gymmatlaýar. Hususan-da, daşary ýurtlardan getirilýän we gündelik ulanylýan harytlar bolan çigit ýaglary, şeker, dürli görnüşlerdäki gaplanan we ýapyk harytlaryň bahalary öňki nyrh bilen deňeşdirilende, takmynan 30% gymmatlady. Gymmatlama soňky üç-dört aýdan bäri dowam edip gelýär.

Meselem, häzirki wagtda bir kilogram şekeriň bahasy 4,30 manat bolsa, onuň öňki bahasy üç manat töweregindedi. Bir litr günebakar ýagynyň häzirki bahasy takmynan 8 manat, onuň öňki bahasy 6 manatdan geçmeýärdi.

Azyk harytlaryň tas ählisiniň gymmatlamagynyň ýerli ýaşaýjylara ýaramaz täsir edýändigi aýdylýar. Döwlet edaralarynda ortaça aýlyk 600-800 manat hasaplanýar, emma beýle aýlyk almaýan maşgalalar üçin, azyk harytlarynyň gymmatlamagy has hem kyn bolýar.

Sebäpleri

Söwdagärler azyk harytlarynyň gymmatlamagynyň sebäplerini hökümetiň dollara girizen çäklendirmeleri we onuň “gara bazardaky” nyrhynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Ýatlap geçsek, bu günki gün “gara bazardaky” 1 dollaryň bahasy 6-7 manat aralygynda bolmagynda galýar.

“Azyk harytlary indi gymmat bolar, sebäbi ony daşary ýurtlardan getirýäris, daşary ýurt söwdasy bolsa diňe dollar ýa-da ýewro bilen kesgitlenýär. Getirilýän zatlaryň aglabasy özümizde önenok ýa bolmasa bazary üpjün edip ýetişenok” diýip, özüni Erkin diýip tanadan, 40 ýaşlaryndaky türkmenabatly söwdagär aýdýar.

Erkiniň sözüne görä, dollar satylmasa daşary ýurtlardan gidip haryt getirmekligiň hem hiç hili girdejisi bolmaýar. “Girdeji bolmasa haryt getirilişi azalýar, bu içki bazarda harytlaryň gytçylygyna sebäp bolýar” diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Haryt getirýänleriň sany “azalýar”

Harytlaryň gymmatlamagynyň ýene bir sebäbi hem daşary ýurtlardan azyk harytlaryny getirýänleriň sanynyň azalmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Ençeme söwdagärleriň ýuwaş-ýuwaşdan daşary ýurtlardan haryt getirmeklerini goýup başlandyklary barada söwdagärler Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde aýdýarlar. Olaryň öz işini goýmaklarynyň sebäbi hem dollaryň “gara bazardaky” nyrhynyň barha ýokarlanmagy we dollaryň gitdigiçe gytalýandygy bilen bagly diýip aýdýarlar.

“Getiren harydyňy dollaryň bir bahasy bilen getirýäň, emma getirýänçäň baha üýtgeýär. Şol sebäpden biz hem şoňa görä gymmatlatmaly bolýarys” diýip, türkmenabatly söwdagär Rüstem aýdýar.

Emma häzirki wagtda Türkmenabadyň bazarlarynda diňe daşary ýurtlardan gelýän harytlar däl, eýse ýurduň içindäki harytlaryň hem bahasynyň gymmatlap başlandygyny görse bolýar. Meselem ýurduň içinde pagta çigidinden öndürilýän “Ahal” ýaglarynyň bir litr gutusynyň bahasy häzirki wagtda Türkmenabadyň bazarlarynda 6 manatdan satylýar. Şeýle-de, Mary welaýatynda öndürilýän şekeriň bir haltasynyň bahasy 210 manatdan satylýar.

Öňki bahadan satmaly

Azyk harytlarynyň bahalarynyň ýokarlanmagyny saklamak ugrunda, ýerli häkimiýetler tagalla edip başlana meňzeýär. Şu hepdäniň başyndan bäri Türkmenabadyň “Gök bazarynda” çigit ýaglary we şeker ýaly önümleri öňki bahasyndan satylmaly diýen buýrugyň berlendigini söwdagärler aýdýarlar. Emma bu buýruk bilen nägile bolýan söwdagärler az däl.

“Özleri palançadan satsynlar diýýärler welin, men bu harydy öz puluma aldym, şondan girdeji görmesem, satmaryn. Olar eger gymmat bolmasyn diýseler, özleri önüm bilen üpjün etsinler” diýip, “Gök bazarda” oturan söwdagär Leýla aýdýar.

Aýdylmagyna görä, hökümet tarapyndan bahasy üç manatdan bolan şeker getirilip bazarda satylýar, emma onuň mukdary az bolansoň derrew gutarýandygyny aýdýarlar.

Häzirki wagtda Türkmenabadyň gök bazarlarynda daşary ýurtlardan getirlen harytlaryň sany hem azalýar. Soňky gezek azyk harytlarynyň bahasy 2014-nji ýyldan 2015-nji ýyla geçilen ýylyň başynda manadyň hümmetsizlenmegi we benziniň bahasynyň galmagy bilen gymmatlapdy.

XS
SM
MD
LG