Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nikany diňe resmi ymamlar gyýar


Badahşanda toý
Badahşanda toý

Ýakyn wagtda Täjigistanda köpsanly ruhany nika dabarasyny alyp barmakdan mahrum ediler, bu ygtyýar diňe metjitleriň resmi ymamlaryna berler.

Täjigistanyň hökümetiniň ýanyndaky din we däp-dessurlar edarasy, mejlisiň aşaky bölümine we baş sülçülige täze kanun taslamasyny iberipdir. Taslama görä, nikany diňe hasapda durýan metjitleriň resmi ymamlary gyýyp bilýär.

Irki nikalaryň öňüni almak

Gürrüňi edilýän edaranyň din işleri guramasynyň bölüminiň ýolbaşçysy Husein Şokirow Azatlyk Radiosynyň täjik gullugyna beren beýannamasynda "bikanun" nika dabaralaryny gurnaýan beýleki ruhanylar jemgyýetçilik jogapkärçiligine we hatda jenaýat işine çekilip biler. Onuň sözlerine görä, täze düzgüniň maksady, irki nikalaryň bolşy ýaly şol bir wagtyň özünde resmi hasaba alynmaýan nikalaryň öňüne geçmekdir.

Täjigistanyň maşgala kodeksine 2011-nji ýylyň ýanwar aýynda girizilen üýtgeşiklige görä, resmi nika barada resminama görkezmeýäne dini nika gyýmaga rugsat berilmeýär.

Şokirowyň aýtmagyna görä, nika dabarasyny gurnamazdan owal, resmi ymam ýaş çatynjanyň elinde nika şahadatnamasyna eýe bolup-bolmandygyny barlar.

Ýaş ýigitleriň gytlygy

Täjigistanda häzirki döwürde hem owalkylar ýaly irki we mejbury nikalar gyýylýar. Bilermenleriň aýtmagyna görä, ýurtda irki nikalaryň we köp aýallylygyň esasy sebäbi ýaş ýigitleriň azlygynyň çendenaşa derejä ýetmegidir. Ýaşlaryň we ýetginjekleriň aglaba köpçüligi eklenç üçin Russiýa gidip, soň hem ol ýerde öýlenýärler.

Häzirki döwürde Täjigistanda gyzlar üçin yglan edilmedik nika ýaşy 15-16 ýaşa çenli baryp ýetýär. Ýurtda 18 ýaşyna ýetmedik gyzlaryň durmuşa çykarylmagynyň kanuny taýdan gadagan edilendigine garamazdan, ene-atalary gyzlaryny orta mekdebi tamamlan badyna ýa-da hatda entek gutarmanka äre berýärler. Kanuna görä, diňe adatdan daşary ýagdaýda kazyýet 18 ýaşyna ýetmedik raýatlara durmuş gurmaga rugsat berlip bilýär.

Has owal Täjigistanda ýakyn ganybir hossarlaryň özara nikasy gadagan edilipdi. Geçen ýylyň mart aýynda prezident Emomali Rahmon Maşgala kodeksine üýtgeşiklik girizmek barasyndaky kanuna gol çekipdir. Kanuna görä, täze nikadan geçenler toýa çenli hökmany suratda genetiki barlagdan geçmelidir. Kakasynyň doganoglanynyň, aýal doganynyň, daýy-daýzanyň, uýalaryň çagalarynyň nikalaşmagy gadagan edilipdi.

26 müň şikesli

Hekimleriň pikrine görä, Maşgala kodeksine girizilen üýtgeşiklik bilen şikesli çagalaryň sany azalar. Saglygy saklaýyş ministrliginiň maglumatyna görä, ýurtda 18 ýaşyna ýetmedik 26 müň şikesli ýaşaýar. Bilermenleriň pikrine görä, olaryň ýüzden 35 göterimi garyndaş nikalaryndan bolan çagalardyr. Şeýle nikalara köpülenç obalarda, çet sebitlerde we milli azlyklaryň (meselem, juklar - täjik jögüleriniň) arasynda duş gelinýär.

Täjigistanda garyndaş nikalarynyň taryhy gaty gadymydyr. Bilermenleriň nygtamagyna görä, şeýle nikalar esasanam baýlygy hem mal-mülki "ýat" bilen paýlaşmak islemeýän maşgalalarda bolýar. Käbir maşgalalar bolsa, öz gyzynyň keseki maşgalada gynalmazlygyny isläp, öz ýakyn garyndaşyna durmuşa çykarýar.

Ýöne käbir ruhanylar garyndaş nikasy barada tapawutly garaýşa eýe. Olaryň aýtmagyna görä, yslam diňe bir eneden bolan çagalaryň özara nikasyny gadagan edýär. Olaryň sözüne görä, şikesli çagalar, esasanam spirtli içgi içip, neşe maddasyny ulanýan maşgalalarda dünýä inýär.

Din we däp-dessur geňeşiniň täze tagallasyny hemmeler goldaýarlar. Käbir bilermenler we hukukçylar bolsa bu kanunyň nikany "resmi" ruhanylaryň doly eýeçiligine geçirjekdigine aýratyn üns çekýär.

XS
SM
MD
LG